Noýabra meýilleşdirilen Nýu-Ýork köpçülikleýin ylgaw ýaryşy koronawirus sebäpli ýatyryldy

  • 24.06.2020 23:17
  • 4.2k+

Nýu-Ýork köpçülikleýin ylgaw ýaryşyny gurnaýjy New York Road Runners koronawirus ýagdaýy sebäpli 2020-nji ýylda çäräniň ýatyrylýandygy barada habar berdi. Muny metaratings.ru ýetirýär.
“Men ylgaw ýaryşyny gurnaýjylara olaryň birinji orunda tomaşaçylaryň we ylgawçylaryň saglygyny we howpsuzlygyny goýýandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin. Biz 50-nji marafonuň 2021-nji ýylyň noýabrynda geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” – diýip, Nýu-Ýorkyň meri Bill De Blazio belleýär.
2020-nji ýylda köpçülikleýin ylgaw ýaryşy 1-nji noýabrda geçirilmelidi. Şu ýylda ýaryş 50 ýyllyk ýubileýini bellemegi meýilleşdirýärdi. Nýu-Ýorkda ilkinji ylgaw ýaryşy 1970-nji ýylda geçirildi. Şondan bäri marafon dünýäde iň uly ýaryş boldy. Geçen ýyl oňa 53640 adam gatnaşdy. Ýöne ýaryş öň hem ýatyrylypdy. 2012-nji ýylda marafon “Sendi” tupanynyň ýetiren täsiri sebäpli geçirilmedi. Nýu-Ýork ýaryşynyň täze senesi 2021-nji ýylyň 7-nji noýabry.
Belläp geçsek, koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylda Berlin marafony hem geçirilmez. 26-27-nji sentýabrda ylgaw ýaryşynyň geçirilmegi nemes hökümetiniň 5 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda köpçülikleýin çäreleri geçirmegi gadagan etmegi sebäpli mümkin däl diýlip kabul edildi. Berlin marafony koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylan World Marathon Majors tapgyrynyň üçünji ylgaw ýaryşy boldy. World Marathon Majors tapgyryna jemi alty ylgaw ýaryşy girýär. Şu sebäp bilen maýyň ahyrynda 1897-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilýän Boston marafony hem ýatyryldy. Tokia marafonuny 1-nji martda, ýagny çäklendiriji çäreler girizilmänkä geçirip ýetişdiler. London marafony 26-njy aprelden 4-nji oktýabra geçirildi. Çikago marafony möwsümiň sanawynda 11-nji oktýabrda dur.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......