Ispaniýa tomaşaçylary stadionlara goýberip başlamagy meýilleşdirýär

  • 23.06.2020 21:01
  • 4k+

La Liganyň ýolbaşçylygy ýakyn wagtda pandemiýa şertlerinde oýunlary geçirmegiň täzelenen medisina reglamentini hödürlemegi meýilleşdirýär. Taslamanyň maksady tomaşaçylary stadionlara bölekleýin goýbermekden ybarat bolar. Bu barada gazeta.ru habar berýär. Anyk seneler heniz belli däl, ýöne howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek bilen, takmynan, stadionlarda orunlaryň üçden bir bölegi janköýerler bilen doldurylar. Çaklanylyşyna görä, janköýerler meýdança kiçiräk topar bolup goýberiler, şeýle-de her bir adamyň temperaturasy hökmany ýagdaýda ölçeniler. Eger-de tomaşaçynyň temperaturasy ýokary bolsa, ony oýna goýbermezler. Oýun wagtynda janköýerlere maska dakynmaly ederler. Mundan başga-da, stadionda antiseptikler bolar. Janköýerlere öz toparynyň goluny gutlap, beýlekiler bilen gujaklaşmazlyk maslahat berler. Gartaşan adamlar oýunlara gelip bilerler, ýöne olar oýnuň başlajak wagtyna golaý gelmeli we çykalga ýakyn ýerleşmeli bolarlar. Şeýle-de, adamlaryň hetdenaşa üýşmegine ýol bermez ýaly, janköýerleriň oýna geljek wagtyny bölüşdirmek hem meýilleşdirilýär.
Möwsümiň ahyryna çenli, La Liganyň prezidenti Hawýer Tebasyň aýtmagyna görä, oýunlarda 10-15% tomaşaçynyň bolmagyny maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Ýatlap geçsek, Ispaniýada futbol möwsümi ýakynda koronawirus arakesmesinden soň dikeldildi, ýöne häzir ähli oýunlar boş münberlerde geçýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......