Janköýerler Fransiýada 11-nji iýuldan futbol stadionlaryna baryp bilerler

  • 20.06.2020 22:49
  • 3.1k+

Fransiýada futbol stadionlary koronawirus ýaýrawy bilen göreş boýunça çäreleriň nobatdaky gowşadylyş tapgyryndan soň 11-nji iýuldan janköýerler üçin ýene-de açylar, bu barada Reýter agentligi ýurduň hökümetine salgylanmak bilen habar berýär, muny rsport.ria.ru ýetirýär.
Ilkibaşda stadionda janköýerleriň sany 5 müň möçber bilen çäklendiriler. Soňrak tomusda bu çäklendirme hem gowşadylyp bilner.
Şeýlelik bilen, koronawirus sebäpli näbelli möhlet bilen soňa goýlan Fransiýanyň kubogynyň we Fransuz ligasynyň kubogynyň finallary münberlerde tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirilmäge mümkinçilik gazanýar. Fransiýanyň çempionaty häzirki möwsümiň koronawirus pandemiýasy sebäpli mart aýynda saklanylan, Ýewropanyň bäş sany öňdebaryjy milli birinjiliklerinden doly derejede oýnalmadyk we wagtyndan öň tamamlanan ýeke-täk birinjilik boldy. Täze möwsüm 22-nji awgustda başlanmaly.
Ýatlap geçsek, 28-nji aprelde Fransiýanyň çempionaty koronawirus sebäpli wagtyndan öň tamamlandy. Toparlar 38 tapgyrdan 28-sini geçirip ýetişdiler. “PSŽ” çempion diýlip yglan edildi. Fransiýanyň kubogynda “PSŽ” “Sent-Etýen” bilen, Liganyň kubogynyň finalynda bolsa “Lion” bilen duşuşar, iki duşuşygyň hem senesi soňrak belli bolar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......