“Barselona” kazyýetde Neýmary ýeňdi. Oýunçy kluba 6,7 mln ýewro tölär

  • 19.06.2020 22:01
  • 7.3k+

“PSŽ-niň” hüjümçisi Neýmar kazyýetde “Barselonanyň” ýolbaşçylygyndan ýeňildi, bu barada gök-gyzyllaryň metbugat gullugy habar berýär, muny sovsport.ru ýetirýär.
Ýatlap geçsek, oýunçy kluba 43,6 mln ýewro töletmekçi boldy. Neýmar “Barselonanyň” ýolbaşçylygynyň 2016-njy ýylda klub bilen şertnamany uzaldandygy üçin bonus hökmünde oňa bellenilen 46 mln ýewro tölemändigini aýtdy we bu puly tölemegi talap etdi. Ol Ispaniýanyň çempiony şertnamanyň uzaldylandygy üçin bu puly tölemeli diýip hasaplaýar. Kazyýetde bu başgaça çözüldi we futbolist “Barselona” 6,7 mln ýewro tölemeli edildi.
Ýatladyp geçsek, Neýmar şertnamany uzaltdy, birnäçe wagtdan soň bolsa 222 mln ýewro möçberde şertnamadan ýüz öwürýändigi üçin puly güýje girizip, öz transferini satyn aldy we “PSŽ” bilen şertnama baglanyşdy. Neýmar “Barselonada” 2013-nji ýyldan 2017-nji ýyl aralygy çykyş etdi, soňra “PSŽ-e” geçdi.
Katalonlylaryň düzüminde ol 186 duşuşyga gatnaşdy, 105 gezek gol saldy we 77 gezek netijeli geçirim etdi, ol Ispaniýanyň çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......