Hytaý üç hemrasyny orbita üstünlikli çykardy

  • 17.06.2020 22:22
  • 3k+

Hytaý üç hemrasyny orbita üstünlikli çykardy. Bu barada Kosmiki ylymlaryň we tehnikanyň korporasiýasynyň (CASC) wekilleri gürrüň berdiler, muny piter.tv ýetirýär. 16-njy iýunda HHR “Çançžen-2D” raketa-göterijisiniň kömegi bilen kosmosa üç sany hemrasyny goýberdi. Uçuş ýerli wagt boýunça 15:19-da Gansu welaýatyndaky “Szýusýuan” kosmodromyndan amala aşyryldy.
Birinji goýberilen hemra “Gaofen-9” boldy. Ony “Dunfanhun Weýsin” kompaniýasy döretdi. Enjam Ýeriň üstüne we şäheriň meýilnamalaşdyrylyşyna gözegçilik etmek, oba hojalyk üçin territoriýalaryň ýaramlylygyny bahalandyrmak üçin gerek. Ony tebigy betbagtçylyklary öňünden çaklamak üçin hem ulanmak bolýar.
Ikinji hemra China Head Aerospace Technology kompaniýasynyň “Hede-5” hemrasy boldy. Bu enjam deňiz gurşawynda gämi gatnawy pudagyna kömek eder. Orbita goýberlen üçünji hemra Çžeszýan uniwersitetiniň “Pisin-3A” hemrasy boldy. Ony hemralaýyn tehnologiýalary öwrenmek üçin peýdalanarlar.
Bellenilip geçilişi ýaly, “Çançžen” raketalary üçin geçen missiýa eýýäm 335-nji boldy. Öň, Pekiniň “Çançžen-2C” raketa-göterijisiniň kömegi bilen dünýä ummanynyň gözegçiligi üçin ulanyljak Haiyang-1D raýat hemrasyny goýberendigi habar berildi.

düýn 20:39
3.6k+

Pomidorlar "gygyrýar": alymlar ösümlikleriň seslerini ýazga aldylar

Ösümlikler agyryny duýanda özboluşly "gykylyk" çykarýarlar. Tel-Awiw uniwersitetiniň alymlary 2023-nji ýylda pomidor we temmäki ösümlikleri bilen geçirilen synaglar wagtynda olaryň azar berlende çykarýan......

düýn 16:00
1.2k+

«Curiosity» marsahodynyň tejribesi Marsyň topragynda onlarça organiki molekulalary ýüze çykardy

NASA-nyň «Curiosity» marsahody täsin himiki tejribäni üstünlikli amala aşyrdy. Onuň dowamynda Marsyň toprak nusgalarynda onlarça görnüşli organiki molekulalar tapyldy....

28.04.2026 23:08
2.5k+

Genetikler DNK analizi arkaly rim imperatory Otto I-niň şahsyýetini tassykladylar

Magdeburg ybadathanasyndan tapylan galyndylaryň imperator Otto I-niňkidigi genetiki derňewler arkaly tassyklandy. Bu barada alymlar DNK barlaglaryny geçirenlerinden soň habar berdiler....

28.04.2026 23:04
1.7k+

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýdaky iň uzak ömürli apparat boldy

Hytaýyň Yutu-2 roweri Aýyň üstündäki iň uzak ömürli apparat boldy. Hasaplamalara görä üç aý hyzmat etmeli rower ýedi ýyldan gowrak wagt bäri Aýyň beýleki tarapyny söküp ýör....