“Bawariýa” “Werderi” ýeňip Germaniýanyň çempiony boldy

  • 17.06.2020 22:13
  • 2.9k+

Mýunhen “Bawariýasy” Germaniýanyň çempionatynyň 32-nji tapgyrynyň duşuşygynda Bremen “Werderini” ýeňdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.
Bremende boş tribunalarda geçen duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna 1:0 hasaby bilen tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Robert Lewandowski tapawutlandy.
79-njy minutda ikinji sary duýduryşy üçin meýdançadan “Bawariýanyň” goragçysy Alfonso Dewis çykaryldy. 32 tapgyrdan soň “Bawariýa” 76 utuk gazandy we wagtyndan öň çempion titulyny eýeledi. Indiki duşuşykda topar “Fraýburgy” garşylar.
“Werder” (28) iň soňkudan öňki, ýagny 17-nji setirde ýerleşýär. 33-nji tapgyrda klub çykyşda “Maýns” bilen duşuşar. Mýunhen “Bawariýasy” 5 sany iň gowy Ýewropa çempionatynyň taryhynda 8 gezek milli tituly yzygider utan ikinji topar boldy. “Bawariýa” 2012/2013, 2013/2014, 2014/2015, 2015/2016, 2016/2017, 2017/2018, 2018/2019, 2019/2020 möwsümlerinde çempion boldy.
Şeýle-de, mýunhenliler top-5 Ýewropa ligalarynyň taryhynda utan milli birinjilikleriniň sany boýunça üçünji klub boldy. Bu sanawda Italiýada 35 gezek çempion bolan “Ýuwentus” liderlik edýär, onuň yzyndan Madrid “Realy” (33) gelýär, üçlügi bolsa Germaniýanyň täze çempiony “Bawariýa” tituly 30 gezek utmak bilen jemleýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......