«Çelsi» Ronaldu üçin 120 mln ýewro sarp etmegi göz öňünde tutýar

  • 16.06.2020 22:49
  • 7.1k+

“Ýuwentusyň” futbolistiniň häzirki möwsüm gutaranda iňlis klubyna geçmegi mümkin. 35 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 120 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.
Rus işewüri Roman Abramowiçiň “Çelsi” iňlis futbol kluby tomus transfer penjiresinde “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronalduny satyn almakçy bolýar. Bu barada “Don Balon” we “Givemesport” neşirleri habar berýär. Muny sport.rbc.ru ýetirýär.
“Marca” ispan gazetiniň maglumatlary boýunça, “Çelsi” şu ýylda 35 ýaşy dolan Ronaldunyň geçmegi üçin 120 mln ýewro tölemäge taýýar.
Ronaldunyň satyn alynmagy tomus boýunça “Çelsiniň” ilkinji uly transferi bolmaz. Öň klub “Aýaksyň” ýarym goragçysy Hakim Ziýeş bilen şertnama baglaşdy. Ondan başga-da, londonlylar “Leýpsigden” hüjümçi Tim Werneriň geçmegini ýola goýmaga ýakyn.
Ronaldu “Ýuwentus” üçin 2018-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edýär. Şu wagta çenli ol klubyň düzüminde ýurduň Superkubogyny utdy we Italiýanyň çempiony boldy. Hüjümçiniň hasabynda 73 oýunda 53 goly we 14 netijeli geçirimi bar. Onuň şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. Futbolist Madrid “Realyndan” italýan klubyna 100 mln ýewro geçdi. Öň ol karýerasynyň dowamynda “Mançester Ýunaýtediň” we “Sportingiň” düzüminde oýnady.
Roman Abramowiç “Çelsä” 2003-nji ýylyň iýunyndan bäri eýeçilik edýär. Şu wagta çenli klub transferlere 2 mlrd ýewro sarp etdi. Abramowiçiň eýeçilik edýän döwründe “Çelsi” 18 baýraga eýe boldy, şol sanda bäş gezek Angliýanyň çempionatyny utdy, Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy we iki gezek Ýewropa ligasyny utdy.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......