Katarda Dünýä çempionaty-2022 üçin üçünji stadion açyldy

  • 16.06.2020 21:58
  • 3.8k+

“Gulf Times” neşiriniň habar bermegine görä, DÇ-2022 üçin hasap boýunça üçünji stadionyň resmi açylyşy Dohada geçirildi, muny odds.ru ýetirýär. Meýdançanyň açylyşyna koronawirus pandemiýasy sebäpli saglyk howpsuzlygy maksady bilen tomaşaçylar gatnaşmady. Açylyş dabarasynyň özi koronawirus pandemiýasyna garamazdan, meýdançanyň gurluşygyny dowam etdiren işgärlere bagyşlanyldy. Bu barada futbolyň halkara federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino sözüniň dowamynda aýratyn belläp geçdi.
“Işçileriň miwesi bolan stadionyň açylyşy şular ýaly kyn wagtda çydamlylygyň ajaýyp nusgasy bolup durýar” – diýip, ol belleýär.
Education City Stadium (resmi däl ady – “Çöldäki almaz”) adyny alan täze meýdança almazyň şekilinde we ol özünde 40 müň tomaşaçyny ýerleşdirýär. Stadion ýurduň köp sanly okuw edaralarynyň ýerleşýän ýerinde, Dohada okuw şäherçesiniň territoriýasynda bina edilen. Bellenilip geçilişi ýaly, hut şu meýdançada turniriň dörtden bir final tapgyrynyň oýunlary geçer.
Täze stadion 2022-nji ýylyň çempionatyna açylan hasap boýunça üçünji stadion boldy. 2022-nji ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionaty Katarda 21-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçer. Katar dünýä birinjiligini geçirmeklige hukuk gazanan ilkinji arap ýurdy boldy.
Belläp geçsek, öň Eýran DÇ-2022-ni geçirmekde Katara kömek etmäge taýýardygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň prezidenti Hasan Rouhani Kataryň emiri Tamim ben Hamad Al Tani bilen telefon gepleşiginiň dowamynda aýtdy.
- Katardaky DÇ-2022 barada gepleşigiň dowamynda Rouhani Eýranyň turniri has üstünlikli guralmagynda Katara ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy – diýlip, Eýranyň prezidentiniň saýtynda bellenilýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......