Çempionlar ligasynyň finaly 2022-nji ýylda Sankt-Peterburgda geçer

  • 16.06.2020 21:50
  • 2.7k+

Sankt-Peterburg 2022-nji ýylda Çempionlar ligasynyň final ýaryşyny garşylar. Bu barada vprognoze.ru habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda ähmiýeti boýunça birinji ýewropa turnirini Stambul kabul eder. Ilkibaşda “Gazprom Arena” stadiony Çempionlar ligasynyň finalyny 2021-nji ýylda garşylamalydy, Stambulda bolsa häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň final oýny geçmelidi. Ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli senenamada üýtgeşmeler bolup geçdi.
2019/20-möwsümiň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy Lissabonda geçiriler. Şunuň bilen birlikde Portugaliýada turniriň 1/4 finalynyň tapgyryndan başlap, ähli galan oýunlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Soňky tapgyryň oýunlary Portugaliýanyň esasy şäheriniň iki stadionynda 12-23-nji awgustda geçer. Öň, Russiýa Çempionlar ligasynyň finalyny bir gezek – 2008-nji ýylda Moskwada “Lužniki” stadionynda geçirdi.
Ýatladyp geçsek, ähmiýeti boýunça birinji Ýewropa turniriniň oýunlary COVID-19 pandemiýasy sebäpli saklanyldy. Käbir garşylyklaryň esasynda 1/8 finalyň oýunlary tamamlandy. Häzirki wagtda ÇL-nyň dörtden bir finalyna “PSŽ”, “Atletiko”, “Atalanta” we “Leýpsig” geçdi.
Çempionlar ligasynyň möwsüm oýny awgustda dikeldiler diýlip garaşylýar. Turniriň häzirki çempiony “Liwerpul” hasaplanylýar. Şu möwsümde Ýurgen Kloppyň topary iki oýunly garşylygyň netijesinde “Atletiko” ýol berip, ÇL-dan çykdy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......