Futbol boýunça Italiýanyň kubogynyň finalçylary belli boldy

  • 13.06.2020 22:52
  • 5.2k+

“Ýuwentus” futbol boýunça Italiýanyň kubogynyň finalyna çykdy. Jogap ýarym final oýnunda Turin kluby “Milan” bilen deňe-deň oýnady. Duşuşyk 0:0 hasaby bilen tamamlandy. Bu barada regnum.ru habar berýär.
Oýnuň 16-njy minutynda “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu jerime urgusyny geçirip bilmedi. Şundan soň “Milan” az oýunçyly bolup galdy, gödek oýny üçin hüjümçi Ante Rebiç oýundan çykaryldy.
Ýatladyp geçsek, Italiýanyň kubogynyň ýarym finalynyň birinji oýny 13-nji fewralda Milanda geçdi we 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Şeýlelik bilen, “Ýuwentus” çykyşdaky golunyň hasabyna turniriň finalyna çykdy.
Ikinji finala çykan klub “Napoli” boldy. Ol “Inter” bilen duşuşykda 1:1 hasap bilen oýnady. Birinji oýunda “Napoli” daşynda ýeňiş gazandy, hasap 1:0.
“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Turin toparynyň Italiýanyň kubogynyň finalyna çykmagyna seslendi.
- Restart başgaça boldy, ýöne biz öz maksadymyza ýetdik. Rim, ine-de biz – diýip, Ronaldu Instagramda ýazýar.
Italiýanyň Kubogynyň final oýny 17-nji iýunda Rimde geçer.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......