Wan Deýk taryhda “Liwerpulyň” iň ýokary hak tölenýän oýunçysy bolar

  • 12.06.2020 22:57
  • 3.8k+

“Liwerpulyň” oýunçysy Wirjil wan Deýk klubyň taryhynda iň ýokary hak tölenýän oýunçy bolar. Bu barada soccer.ru habar berýär.
Çeşmäniň nygtamagyna görä, gollandiýaly oýunçy “mersisaýdlar” bilen 5 ýyl möhletli täze şertnama gol çeker, onuň zähmet haky bolsa hepdede 180 müňden 220 müň funta çenli ýokarlanar. Bellenilip geçilişi ýaly, 28 ýaşly futbolist onuň iş hakyny hepdede 280 müň funta çenli ýokarlandyrmaga taýýar bolan “Pari Sen-Žermeniň” teklibinden boýun gaçyrdy.
Häzirki wagtda “Liwerpulyň” taryhynda iň ýokary hakly oýunçy toparyň hüjümçisi Mohamed Salah hasaplanylýar. Onuň hepdelik iş haky 200 müň funta barabar.
Ýatladyp geçsek, wan Deýk “Liwerpula” geçmezinden öň “Sautgempton”, “Seltik” we “Groningen” klublarynda çykyş etdi. Ol “Liwerpulda” 2018-nji ýylyň ýanwaryndan bäri çykyş edýär.
Öň, “Liwerpulyň” derwezebançy Alissonyň hem şertnama şertlerini gowulandyrmakçy bolýandygy habar berildi.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......