Barlaglar Messiniň Ronaldudan iki esse netijelidigini görkezdi

  • 12.06.2020 22:29
  • 7.5k+

Leo Messi we Kriştianu Ronaldu soňky onýyllygyň içinde olaryň haýsysynyň dünýäde iň gowy futbolistdigi barada çekeleşikleri alyp bardylar. Bu ada alty gezek argentinaly oýunçy, bäş gezek bolsa portugaliýaly oýunçy eýe boldy.
Bu meseläni çözmek üçin, professional futbol guramalaryny, futbolistleri we HBS-ni informasiýalardan üpjün etmek işi bilen SciSports golland kompaniýasy Belgiýadaky Lewýon uniwersiteti bilen bilelikde “Barselonanyň” kapitany Lionel Messiniň we “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň oýnaýyş hiliniň barlagyny geçirdiler. Bu barada soccer.ru habar berýär.
Hasaba laýyklykda, argentinaly futbolist portugaliýaly hüjümçiden iki esse netijeli. Barlag oýun parametrleriniň köp böleginiň analizini göz öňünde tutýar. Hususan-da, futbolistiň meýdançada alyp baran ähli hereketleri we olaryň oýnuň ahyrky netijesine täsiri seljerilýär.
Barlag üçin alnan statistik maglumatlaryň 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyl aralygyna, ýagny Ronaldunyň karýerasynyň has üstünlikli bolan wagtyna (şu aralykda portugaliýaly “Real” bilen dört gezek Çempionlar ligasyny utdy we dört sany “Altyn pökgini” aldy, şeýle-de Portugaliýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Ýewropanyň çempiony boldy) degişlidigini belläp geçmeli.
Messiniň oýun hereketleriniň netijeliliginiň jemleýji görkezijisi Ronaldunyň 0,61-ine garşy bolmak bilen, 1,21-e barabar boldy. Barlag Messi Ronaldu garanda top bilen köp hereket edýär we oýnuň ahyrky netijesine täsirini köp ýetirýär diýen netijä geldi.
Ylmy barlaglaryň gürrüňini etmek kyn, esasanam, futbolistleriň deňeşdirilýän ölçegleri dolulygyna belli bolmadyk ýagdaýynda kyn. Bir görseň bu ýerde toparlaýyn çemeleşme ýetmezçilik edýär, sebäbi oýunçylary täsiri matematiki hasaplamalara boýun egmeýän ýoldaşlarynyň we janköýerleriniň çäginden aýyrmak mümkin däl.
Şonuň üçin “Barselonanyň” hüjümçisi Ronaldudan iki esse gowy diýip tassyklamaly bolýar, bu gaty bir dogry hem däl. Sebäbi portugaliýaly oýuncy daşky alamatlary boýunça-da argentinalydan öňe geçýär. Ronaldu ýaňy-ýakynda ilkinji futbolist-milliarder boldy, onuň internetdäki abunaçylarynyň sany hem köp, diňe Instagramyň özünde 222 mln abunaçysy bar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......