Alymlar eliňi ýygy-ýygydan ýuwmagyň ýene bir sebäbini atlandyrdylar

  • 10.06.2020 22:35
  • 7.6k+

Environmental Science & Technology Letters žurnalynda neşir edilen derňew işleriň maglumatlary boýunça, zyýanly antipirenler eliň derisinde we ykjam telefonlarda bolup bilýärler. Bu barada medikforum.ru habar berýär.
1970-nji ýyllarda elektron-şöhleli trubkalaryň esasynda telewizorlaryň eýýamy başlandy. Şekili güberçek ekrana çykarmak prosesinde bu trubkalar gyzdyrylýardy. 70-nji ýyllarda enjamlaryň ýüzlerçe gezek ýanma hadysasy döwrebap tekiz telewizorlaryň “başyny başlaýjylaryň” göwrümleýin korpusyna ýörite otdan goraýjy materiallaryň – antipirenleriň goşulmagyna getirdi.
Antipirenler agajy, matany, plastikany we beýleki materiallary ot almakdan we ýanmakdan goraýar. Ýöne bu himiki maddalaryň goraýjy häsiýetleriniň ýene bir tarapy bar. Alymlar telewizorlaryň plastik korpusyna goşulan galogenleşdirilen antipirenleriň ýerleşýän ýerindäki howa, ondan soň ele ýa-da mobil gurluşlara geçip bilýändigini anykladylar. Olar bilen mydama özaragatnaşykda bolmak zäherli maddalar bilen gatnaşyga getirip biler. Barlagy geçirijiler munuň gigiýena we eliňi ýygy-ýygydan ýuwmalydygy barada ýatdan çykarmazlygyň ýene bir sebäbidigini belleýärler.
Ozalky barlaglar antipirenleriň hereketiniň intellekt koeffisiýentiniň (IQ) peselmegine we ösüp gelýän nesliň özüni alyp barşynda meseleleriň ýüze çykmagyna getirip bilýändigini görkezdi.
Ýöne ýanma howpy minimal bolan telewizorlaryň döwrebap modelleriniň muňa nähili gatnaşygy bolup biler? Bu gatnaşygyň häzir hem plastik korpusyň 25%-iniň antipirenlerden durýanlygyndadyr. Şonuň üçin Toronto uniwersitetiniň alymlary telewizor bolan öýlerde zyýanly maddalaryň mukdarynyň nähilidigini anyklamak islediler. Antipirenleriň mukdary 51 sany kanada öýüniň howasynda, poldaky tozanda, elektron gurluşlaryň ýüzünde we barlaga gatnaşyjylaryň elinde ölçenildi. Netijede, antipirenleriň ykjam dewaýslaryň, aýratynam, öýjükli telefonlaryň ýüzünde bolýandygy anyklanyldy. Smartfonlaryň korpusyny eýýäm birnäçe wagt bäri otdan goraýjy goşundylar bilen üpjün edenoklar, şonuň üçin alymlar antipirenleriň telefonuň ýüzüne düşmeginiň ýeke-täk ýoly ulanyjylaryň eli arkaly diýip çakladylar. Bu mesele hem koronawirus ýagdaýy ýaly eliňi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak bilen çözülýär.

düýn 18:22
7.6k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.4k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....