«Wagt geldi. Kim taýyn?!»: UFC-niň çempiony Mioçiç oktagona dolanýar

  • 08.06.2020 18:38
  • 8.3k+

UFC-niň agyr agramda çempiony, horwat gelip çykyşly amerikaly göreşiji Stipe Mioçiç Instagram sahypasynda suratyny neşir etdi hem-de oktagona dolanmak meýli barada beýan etdi, diýip Чемпионат portaly habar berýär.
«Wagt geldi. Kim taýyn?!» - ine, hut şu ýazgyny Mioçiç suratynyň aşagyndan ýazypdyr. Mart aýynyň başynda Mioçiç Daniel Kormýe bilen ikinji göreşinde alan şikesinden sagalandygyny we 2020-nji ýylyň tomsunda üçünji gezek göreşe çykmaga taýyndygyny habar beripdi. Emma koronawirus pandemiýasy zerarly bu meýiller puç boldy. Mioçiç epidemiýa ýatyşmasa, göreşlere gatnaşmakdan ýüz öwürdi.
2018-nji ýylyň iýulynda UFC 226 ýaryşynyň çäginde Stipe bilen Danieliň arasynda geçirilen birinji göreşde Kormýe birinji raundda Mioçiçi nokauta gidirdi we onuň guşagyny aldy. Emma 2019-njy ýylyň awgustynda Stipe UFC 241 ýaryşynda dördünji raundda tehniki nokaut bilen Danieli ýeňip, guşagy yzyna almagy başardy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......