Makgregor göreşlere gyzyklanmasynyň gaçandygy sebäpli karýerasyny tamamlaýar

  • 07.06.2020 21:45
  • 16k+

Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) iki agram derejedäki öňki çempiony irlandiýaly göreşiji Konor Makgregor sport karýerasyny tamamlamak barada karara gelmeginiň sebäbini düşündirdi. Bu barada Ria Nowosti habar berýär.
ESPN-niň habar bermegine görä, Makgregor göreşlerden sowaşdy we indiki garşydaşyna uzak garaşmak islemeýär.
«Bu oýun meni gyzyklandyrmasyny bes etdi. Men uzak wagt bäri garaşýaryn, emma hiç zat bolup geçmeýär. Men özüm üçin garşydaşlary gözden geçirdim, emma mynasybyny tapyp bilmedim» - diýip ol belledi.
Konor UFC-niň ýolbaşçylygyna öz karýerasyny ösdürmegiň meýilnamasyny hödürländigini, emma bu meýilnamanyň seslenme tapmandygyny nygtady.
«Men az-owlak ýadadym. Men soňky duşuşyklaryň birnäçesine tomaşa etdim. Olaryň hiç biri hem mende täsir galdyrmady. Bilmedim, belki bu tomaşaçylaryň ýoklugyndandyr. Bu ýagdaý meni täsirlendirmeýär» - diýip UFC-niň öňki çempiony öz garaýyşlary bilen paýlaşdy.
Mundan öň, Makgregor karýerasyny tamamlaýandygyny yglan edipdi, bu eýýäm türgeniň sport karýerasyny üçünji gezek tamamlaýşy.
Tutuş karýerasynda MMA-da Makgregor 22 gezek ýeňiş gazandy we dört gezek ýeňlişe sezewar boldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......