Diego Kosta alty aý tussaglyga höküm edildi

  • 06.06.2020 19:38
  • 11k+

Madridiň kazyýeti Madridiň “Atletikosynyň” futbolisti Diego Kostany salgytlary tölemekden boýun gaçyrandygy üçin alty aý tussaglyga höküm etdi, bu barada El Mundo neşirine salgylanmak bilen rsport.ria.ru habar berýär.
Kazyýet işi penşenbe güni geçirildi. Ýöne oýunçy tussaghana iberilmez, sebäbi ol 36 müň ýewro möçberde jerime tölemäge razy boldy. Reýter agentliginiň maglumatlary boýunça, bu pul “Atletikonyň” hüjümçisi tarapyndan 507,2 müň ýewro möçberdäki jerimä goşmaça edilip töleniler. Öň, Kosta ispan maliýe edarasyna 2014-nji ýylda imij hukuklarynyň geçirilmeginden gelen girdejiden tölemedik 1,1 mln ýewro möçberdäki puluny töledi.
Ilkibaşda oýunçy maliýe edarasy bilen ylalaşmakdan boýun gaçyrdy, ýöne soňundan ol öz hereketlerine düşündi. Kosta "Atletikodan” şu iş boýunça onuň maliýe meselelerini çözüp bermegi sorady, klub muňa razy bolmady, ýöne maliýe edarasy bilen hiç hili kynçylyksyz hasaplaşyp biler ýaly oýunça awans töledi.
Öň, Kostanyň sport geýimlerini öndürijileriň biri bilen 800 müň ýewro möçberde hemaýatkärlik şertnamasyny baglanyşandygy habar berildi. Ispaniýanyň hökümeti futbolist bu ylalaşygy Ispaniýada doly möçberde beýannamada görkezmedi diýip çaklady. 2014-nji ýylda Londonyň “Çelsi” klubyna geçen Kosta bu ýylda Beýik Britaniýanyň salgyt wekili boldum diýip hasaplady.
Şu möwsümde Kosta Ispaniýanyň çempionatynda 13 oýna gatnaşdy, 2 gezek gol saldy we şonça-da netijeli geçirim etdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......