Ronaldu taryhda ilkinji futbolist-milliarder boldy

  • 05.06.2020 23:01
  • 14k+

Turiniň “Ýuwentusynyň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu dünýäde $1 milliarddan gowrak gazanan ilkinji futbolist boldy. Bu barada russian.rt.com habar berýär.
“Forbes” neşiriniň habar bermegine görä, 35 ýaşly portugaliýalynyň aýlygyny ($650 mln), baýrak pullaryny, hemaýatkärlik şertnamalaryny we beýleki tölegleri öz içine alýan karýerasy üçin umumy girdejisi eýýäm $1 milliarddan geçdi. Bellenilip geçilişi ýaly, ol taryhda karýerasynda $1 milliardan gowrak gazanmagy başaran sportuň toparlaýyn görnüşinde ilkinji türgen, golfçy Taýger Wudsdan hem-de boksçy Floýd Meýwezerden soň bolsa üçünji türgen boldy. Soňky ýylda portugaliýaly futbolçy $105 mln gazandy, bu bolsa oňa 2020-nji ýylyň iň baý meşhur adamlarynyň sanawynda dördünji orna geçmäge mümkinçilik berdi.
Karýerasynyň dowamynda Ronaldu “Sporting”, “Mançester Ýunaýted”, “Real” we “Ýuwentus” ýaly klublarda çykyş etdi. “Realyň” düzüminde ol dokuz ýyl boldy. “Ýuwentusyň” düzüminde bolsa ol 2018-nji ýyldan bäri oýnaýar. Ol “Altyn pökginiň” bäş gezek eýesi boldy. Umumy alanyňda, onda 27 sany klub baýragy bar, ýene-de ikisini ol Portugaliýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde aldy.
Ýatladyp geçsek, “Forbes” neşiriniň 2020-nji ýylyň iň köp hak tölenýän türgenleriniň reýtinginde Ronaldu 105 mln dollar gazanç bilen şweýsar tennisçisi Rojer Federere (106,3 mln) ýol berip, ikinji orny eýeledi.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......