Ronaldu koronawirus pandemiýasy döwründe Instagramda iň köp gazanan türgen

  • 04.06.2020 23:38
  • 10k+

“Ýuwentus” futbol klubynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Instagramda koronawirus pandemiýasy döwründe 12-nji martdan 14-nji maý aralygynda 2,1 mln ýewro gazandy, bu barada “Daily Mail” neşirine salgylanmak bilen news.ru habar berýär.
219 mln abunaçysy bolan Ronaldu iki aýyň içinde hemaýatkärlerinden dört sany mahabat postuny neşir etdi. Argentinaly Lionel Messi hem şonça post neşir etdi we 1,45 mln ýewro gazandy (151 mln abunaçysy bar), braziliýaly Neýmar dört posty üçin 1,33 mln ýewro gazandy (138 mln abunaçysy). Degişlilikde, bir mahabat posty Ronaldu 526 müň ýewro, Messä 363 müň ýewro, Neýmara bolsa 333 müň ýewro getirdi.
Dördünji orunda 2011-nji ýylda karýerasyny tamamlan meşhur basketbolçy Şakil O’Nil (17 mln abunaçysy bar) ýerleşdi. Ol şu iki aýyň içinde 16 sany şeýle posty neşir etdi. Bir post oňa 40,8 müň ýewro getirýär. Netijede, Şakil 653 müň ýewro gazandy. Bäşinji orny ozalky futbolist Dewid Bekham eýeledi (453 müň ýewro). Mundan başga-da, onluga hindi kriketçisi Wirat Kohli (424 müň ýewro), Zlatan Ibragimowiç (206 müň ýewro), ýaňy-ýakynda karýerasyny tamamlan basketbolçy Dueýn Ueýd (128 müň ýewro), Dani Alwes (120 müň ýewro) we britan boksçysy Entoni Joşua (109 müň ýewro) goşuldy.
Ýatladyp geçsek, futbol möwsümi mejbury karantinden soň ýuwaş-ýuwaşdan dikelýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......