Koronawirus hatda ýüregiň öýjüklerinde hem köpelip bilýär

  • 04.06.2020 23:12
  • 5.3k+

Koronawirus ýüregiň öýjüklerine aralaşyp, onuň işine täsir edip bilýär. Muny Gete adyndaky Frankfurt uniwersitetiniň molekulýar biologlary anykladylar. Olar koronawirus ýokanjynyň hatda ýüregiň öýjüklerinde hem netijeli köpelmäge ukyplydygyny ýüze çykardylar, muny discover24.ru belläp geçýär.
“Biz SARS-CoV-2-niň hem ýüregiň aýratyn myşsa öýjüklerine, hem ýürek dokumasynyň iki sany dürli kulturalaryna aralaşyp bilýändigini görkezdik. Biz keselli öýjüklerden doly derejeli wirus bölejiklerini aýratynlandyrmagy başardyk, bu bolsa wirusyň olarda köpelmäge ukyplydygyny delillendirýär. Wirus ýüregiň myşsa öýjükleriniň köpçülikleýin ölmegine getirýär we olaryň kadaly ýygrylmagyna päsgel berýär, bu ýüregiň saglygy üçin gönüden-göni howpludyr” – diýip, hünärmenler belleýärler.
Alymlar täze görnüşli koronawirusyň diňe bir öýken öýjüklerine zyýan ýetirmän, eýsem bedeniň beýleki dokumalarynda bolýan belli bir ösüntgilere, şol sanda burnuň nemli bardasyna, gyzylödege, ýürek damarlaryna hem-de beýleki birnäçe organlara baryp bilýändigini eýýäm kesgitlediler. Şeýle aýratynlyk, alymlaryň pikiriçe, COVID-19 bilen kesellänleriň näme üçin diňe bir dem alyş organlarynyň işindäki näsazlykdan ejir çekmän, eýsem, ys alyjylygy ýitirýändiklerini hem-de iýmit siňdiriş we gan aýlanyş sistemasy bilen bagly meselelere duçar bolýandyklaryny düşündirip biler.
Öň, COVID-19 diňe iýmit siňdiriş ýolunda, sowuklamany ýüze çykaryp bilýän ýeri bolan öýkende we galkan görnüşli mäzde çalt köpelip bilýär diýip hasaplanylýardy. Ýöne indi hünärmenler onuň ýürek urmasyny togtamaklyga getirip, ýürek öýjüklerinde köpelme hadysasynyň bolup geçýändigini bellige aldylar.
Alymlaryň aýtmagyna görä, köpelme hadysasy dowam eden wagtynda koronawirus ýürege bejerip bolmajak zyýany ýetirip bilýär we gan aýlanyş sistemasynyň işini bozup bilýär. Hünärmenler alnan netijeleriň bu kesel bilen kesellän syrkawlary dikeltme işi alnyp barlanda göz öňünde tutmagyň hökmanydygyny belleýärler.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......