Futbol boýunça Angliýanyň çempionaty 17-nji iýunda dikeldiler

  • 02.06.2020 23:03
  • 4.2k+

Futbol boýunça Angliýanyň çempionaty 17-nji iýunda dikeldiler. Bu barada Euronews habar berýär. Ýaryşlar koronawirus pandemiýasy sebäpli 13-nji martda saklanylypdy. Şu wagta çenli oýunçylary we toparyň işgärlerini barlagdan geçirmegiň esasynda 12 sany keselli ýüze çykaryldy.
Türgenler eýýäm bilelikdäki türgenleşik işlerine başladylar. Häzirki wagtda çempionatyň tablisasyny “Liwerpul” esaslandyrýar, onuň hasabynda 29 oýunda 82 utugy bar.
19-njy iýuna “Mançester Ýunaýted” bilen “Tottenhem” toparlarynyň arasyndaky oýun meýilleşdirilen. Arakesmeden soňky birinji duşuşykda eýýäm 13 gezek Angliýanyň çempiony bolan London “Arsenaly” we häzirki wagtda ikinji orunda bolan “Mançester Siti” oýnar, onuň hasabynda 57 utugy bar. Indiki gün “Bornmut” we “Çelsi” toparlary duşuşar. “Lester” topary turnir tablisasynda üçünji orunda, onuň hasabynda 53 utugy bar.
Şeýle-de, howpsuzlyk düşünjeleri sebäpli ähli oýunlaryň ýapyk tribunalarda geçiriljekdigi habar berilýär.

düýn 16:14
3.2k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 14:43
6.8k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....

27.04.2026 18:17
8k+

«Interiň» eminli galmagaly üçin Seriýa A-dan çykarylmagy we titullarynyň elinden alynmagy mümkin

Milanyň «Inter» futbol klubuna Seriýa B-ä düşürilmek we gazanan kuboklaryndan mahrum edilmek ýaly berk düzgün-tertip çäreleri garaşýar diýip AGI habar berýär....

27.04.2026 16:45
6.8k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....