Mbappeniň bahasy tas 50 million ýewro pese düşdi

  • 01.06.2020 22:11
  • 5.1k+

“PSŽ-niň” we Fransiýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappeniň transfer bahasy KPMG Football Benchmark kompaniýasynyň derňewine laýyklykda, tas 50 million ýewro pese düşdi. Bu barada odds.ru belläp geçýär.
Kompaniýa koronawirus pandemiýasynyň we onuň ýüze çykaran maliýe çökgünliginiň dünýäniň iň gymmat futbolistleriniň bahasyna nähili täsir edendigini anyklamak üçin derňew geçirmek kararyna geldi.
Kilian Mbappeniň pandemiýadan öň bahasy 225 million ýewro barabardy. Ýöne pandemiýadan soň fransuz oýunçysynyň bahasy 21,5 göterim, ýagny 177 million ýewro çenli pese düşdi. Şol bir wagtda Braziliýanyň ýygyndy toparynyň hüjümçisi we Mbappeniň topardaşy Neýmaryň bahasy hem 21,7% arzanlady, ýagny onuň bahasy 175 million ýewrodan 137 million ýewro çenli peseldi. Üçlügi Angliýanyň ýygyndy toparynyň we “Mançester Sitiniň” hawbeki Rahim Sterling jemleýär. 25 ýaşly ýarymgoragçynyň bahasy 10,5%, ýagny 150 million ýewrodan 134 million ýewro çenli pese düşdi.
Derňew işleriniň dowamynda kompaniýa futbolistleriň indiwidual görkezijilerinden başlap, klubyň maliýe ýagdaýyna çenli ähli faktorlary we şertnamanyň oýunçylar bilen galan wagtyny öwrendi. Mundan başga-da, iki zat, ýagny oýunçynyň oýnaýan ligasy şu möwsümde wagtyndan öň saklanylan bolsa, oýunçynyň satuw bahasy we liga dikeldilen ýagdaýynda oýunçynyň satuw bahasy göz öňünde tutuldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......