Jon Jons ýarym orta agramda UFC-niň titulyndan ýüz öwürmekçi bolýar

  • 01.06.2020 12:13
  • 6.4k+

Garyşyk göreşiň amerikaly göreşijisi Jon Jons Absolýut göreş çempionatynyň (UFC) ýarym orta agramdaky titulyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada türgeniň Twitterde aýdanlaryna salgylanyp, Trend agentligi habar berýär. 
«Dominik Reýes we Ýan Blahowiç bilen ýarym orta agramda titul göreşini gurnap beriň. Häzirki wagtda men olaryň hiç haýsy bilen hem göreş üçin hiç zat gazanmaryn. 2021-nji ýylda meniň bilen ýeňil göreş gurnamak isleseňiz mälim ediň. Şol wagta çenli, maňa töläp bilerler diýip umyt edýärin» - diýip Jons ýazýar.
Ulanyjylaryň biriniň bu diýildiginiň Jonsuň tituldan ýüz öwürmegini aňladýandygyny soramagyna ol tassyklap jogap berdi.
Indiki göreş sebäpli Jonsuň UFC-niň prezidenti Dena Uaýt bilen dawasy bar. Jons agyr agramlylaryň reýtinginiň ikinji belgili göreşijisi Fransis Ngannu garşy göreşmek isledi, emma Uaýt Jonsuň 30 million dollar baýrak sorandygy sebäpli bu göreşi gurnamady.
Jons agram derejesine garamazdan, UFC-niň reýtinginde birinji orny eýeleýär. MMA-da onuň bir ýeňlişi we 26 ýeňşi bar.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......