“Real” tomusky transferlerden boýun gaçyryp biler

  • 31.05.2020 23:45
  • 3.9k+

Madridiň “Realy” tomusky transferlerden galyp biler, bu barada “Marca” ispan neşirine salgylanmak bilen gazeta.ru habar berýär.
Neşiriň maglumatlary boýunça, koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan maliýe kynçylyklary kluba düýpli täsir edip biler.
Bellenilip geçilişi ýaly, “Real” transferleri diňe toparyň has köp futbolisti satyp bilen ýagdaýynda geçirip biler, ýöne munuň bolmak ähtimallygy pes, sebäbi beýleki ýewropa klublary ýokary tölegli oýunçylara çykdajy etmäge taýýar däl.
Öň, HBS tomusda “şa” klubyndan ýarym goragçy Hames Rodrigesiň gitjekdigini ýazdy. AS neşiriniň anyklaşdyrmagyna görä, kolumbiýaly oýunçy Madridiň “Atletikosyna” geçer. Toparlar eýýäm mümkin boljak şertnama barada gepleşiklere başladylar. Çeşme transferiň ähtimallygyny 80% diýip hasaplaýar.
La Liganyň häzirki ýaryşy wirus ýaýrawy sebäpli saklandy. Turniriň prezidenti Hawýer Tebas çempionatyň 11-nji iýunda “Sewilýa” – “Betis” oýny bilen dikeldiljekdigini aýtdy. Ispaniýanyň çempionatynyň 27 tapgyryndan soň “şa kluby” turnir tablisasynda ikinji orny eýeleýär. Onuň hasabynda 56 utuk bar. Çempionatda 58 utuk bilen “Barselona” liderlik edýär. Üçlügi 47 utuk gazanan “Sewilýa” jemleýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......