Federer ýylyň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň reýtingini esaslandyrdy

  • 30.05.2020 22:38
  • 2.8k+

Professional tennisçi Rojer Federer iň ýokary hak tölenýän türgenleriň reýtinginde birinji setiri eýeledi. Indi ol Forbes neşiriniň 2020-nji ýyl üçin düzen reýtinginde birinji orunda durýar. Bu täzelik neşiriň resmi saýtynda neşir edildi, muny ctnews.ru belläp geçýär. Rojeriň umumy gazanjy 106,3 mln dollara barabar boldy. Bu puluň içine tennisçiniň turnirlerden alan baýrak pullary, şeýle-de mahabat şertnamalaryndan girdejileri girýär. Neşiriň maglumatlary boýunça, 38 ýaşly Federeriň brendler bilen 13 şertnamasy bar, olaryň hersi $3 mln-dan $30 mln-a çenli töleýär.
Sanawyň ikinji ornuny “Ýuwentusyň” futbolisti Kriştianu Ronaldu eýeledi. Bir ýylyň içinde ol 105 mln dollar gazandy. Üçlügi Lionel Messi jemleýär. Onuň bir ýyldaky gazanjy 104 mln dollara barabar bolýar.
Onluga Neýmar (futbol, Braziliýa, $95,5 mln), Lebron Jeýms (basketbol, ABŞ, $88,2 mln), Stefan Karri (basketbol, ABŞ, $74,4 mln), Kewin Dýurent (basketbol, ABŞ, $63,9 mln), Taýger Wuds (golf, ABŞ, $62,3 mln), Kirk Kazins (amerikan futboly, ABŞ, $60,5 mln) we Karson Wents (amerikan futboly, ABŞ, $59,1 mln) hem girdi.
Federer “Uly şlem” turniriniň taryhynda titully tennisçi hasaplanylýar. Ol sekiz gezek Uimbldonda, alty gezek Australian Open, bäş gezek US Open turnirlerinde, bir gezek “Rolan Garrosda” ýeňiş gazandy. Gowy oýunçy titulyny ol 310 hepde saklady, bu bolsa rekord görkezijidir. Fewralyň ortalarynda oýunçy sag dyzyndan artroskopik operasiýany geçirdi. Onuň bejergisi iýuna çenli dowam eder.
Häzirki tennis möwsümi koronawirus pandemiýasy sebäpli saklanyldy. Tennisiň halkara federasiýasy ähli ýaryşlary 31-nji iýula çenli ýatyrdy. Professional-tennisçileriň Assosiasiýasy we Zenanlar tennis Assosiasiýasy hem şeýle netijä geldi. 2020-nji ýylda Uimbldon turniri geçirilmez, “Rolan Garros” güýze süýşürildi.
Forbes neşiriniň hasaplamasy boýunça, dünýäniň iň ýokary hakly türgenleriniň girdejileri dört ýylyň içinde ilkinji gezek kemeldi. Bu COVID-19 pandemiýasy bilen bagly. Şu ýylda dünýäniň 100 sany iň ýokary hakly türgenleri umumylykda $3,6 milliard gazandylar, bu bolsa geçen ýyla garanda 9% azdyr.

düýn 14:40
1.1k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.4k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.4k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....