Çempionlar ligasynyň finalynyň Stambuldan Germaniýa geçirilmegi mümkin

  • 29.05.2020 23:00
  • 3.5k+

UEFA Ýewrokubok möwsümini tamamlamagyň amatly taraplaryny gözden geçirmegini dowam etdirýär. Soňky maglumatlar boýunça, Çempionlar ligasynyň “dörtlügiň finaly” formatynda oýnalmagy, finalyň bolsa Germaniýada geçirilmegi ahmal. Şeýlelik bilen, Stambul esasy oýny geçirmek hukugyndan aýrylar. Bu barada gazeta.ru habar berýär. Çözgüt 17-nji iýunda ýerine ýetiriji komitetiň mejlisinde kabul ediler. Habar berlişine görä, indiki hepde UEFA Türkiýäniň resmi adamlary bilen çäräniň başga ýere geçirilmegi barada gutarnykly gürleşmek üçin gepleşikleri geçirer. UEFA Ýewrokubok möwsümini 31-nji awgusta çenli tamamlamagy göz öňünde tutýar. 
Futbol dünýäsi pandemiýadan soň ýuwaş-ýuwaşdan janlanyp başlady. Esasy Ýewropa çempionatlary 2019/20 möwsümi dowam etdirmäge biragyzdan diýen ýaly razy boldular: nemes Bundesligasy 16-njy maýda hereket edip başlady, geljek aýyň içinde Italiýanyň Seriýa A, ispan Premýerasyny we Angliýanyň Premýer-ligasyny dikeltmek meýilleşdirilýär. Möwsümi wagtyndan öň tamamlan diňe Fransiýa aradan aýryldy.
Ähli milli birinjilikler tamamlanandan soň, Ýewrokubok turnirleriniň galan oýunlary geçiriler diýlip çaklanylýar.
Çempionlar ligasynda we Ýewropa ligasynda möwsümiň tamamlanmagynyň möhümdigi sebäpli, Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) ýurtlaryň çempionatlarynyň doly tamamlanmagyny talap etdi. Boýun gaçyran guramalaryň geljekde ýewrokuboklara goýberilmejekdigi duýduryldy. Netijede, köp ýurtlar boýun bolmaly boldular.
“Biziň Ýewropa möwsümini tamamlamak boýunça anyk meýilnamamyz bar. Meniň pikirimçe, ligalaryň köpüsinde çempionatlar oýnalar. Muny ýerine ýetirmedikleriň bolsa, bu öz islegleri, ýöne eger olar UEFA turnirlerine gatnaşmak isleýän bolsalar, barybir kwalifikasion raundlarda oýnamaly bolarlar” – diýlip, Birleşigiň prezidenti Aleksander Çeferiniň sözleri getirilýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......