BSGG ABŞ-nyň guramany maliýeleşdirmekden boýun gaçyrmagy netjesinde nämeleriň bolup geçjekdigini aýtdy

  • 27.05.2020 22:56
  • 4.6k+

BSGG-de ABŞ-nyň guramany maliýeleşdirmekden boýun gaçyrmagynyň netijesi barada aýtdylar. Bu barada kp.ru habar berýär. Gazna puly epidemiýa bilen göreşe we keseliň ýaýrawynyň dürli sebäplere görä, çalt bolup geçýän ýurtlaryna gönükdirýär. Ýerli epidemiýa görnüşinde başlan täze keseller ir-u-giç bir ýurduň çäginden çykýarlar. Koronawirus bilen hem şeýle boldy. Üç aý mundan öň bu kesel barada diňe Hytaýda gürrüň edilýärdi, ABŞ-da, Beýik Britaniýada “bu howp olar üçin minimal derejede” diýip ynanýardylar.
— Afrikanyň saglygy goraýyş býujetine goýulýan puluň 80% töweregi agza döwletlerden düşýär, olaryň 20%-i ABŞ-dan gelýär – diýip, BSGG-niň Afrikadaky wekili Mihel Ýao aýdýar. Bu bir ýurt üçin has uly goşantdyr.
BSGG-niň fondunyň puluna dermanlar satyn alynýar, keseliň ýaýran ýerlerine, ýurtlara epidemiologlar iberilýär.
Ýao häzir maliýeleşdirmäni bes etmegiň wagty däl diýip hasaplaýar, çünki ýer ýüzi heniz koronawirusy ýeňmedi. Pandemiýa bilen lokal göreşmek mümkin däl, sebäbi bir ýurt wirusy ýeňip, beýlekiler ýeňmese, onda täze ýaýrawyň ýüze çykmagy ahmal. “Bu goşandy bes etmek wirusa garşy hereket çärelerine öz täsirini ýetirer. Biz muny duýarys (ABŞ-nyň goşandynyň ýetmezçiligini), sebäbi ol örän möhüm” – diýip, Ýao belleýär.
Mundan başga-da, kömegiň bes edilmegi COVID-19 bilen göreşe gönükdirilen saglygy goraýyş gurşawynyň işgärlerine hem göni täsir eder, olar öň bolup geçen malýariýa, Ebola we beýleki howply ýokanç keseller bilen göreşmekde möhüm orun eýeleýärler.
Öň, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp BSGG-niň müdiri Tedros Adhanom Gebreýesusa hat ýazdy, onda Waşingtonyň guramanyň 30 günüň içinde Birleşen Ştatlaryň talap edýän reformalaryny geçirmese, onuň maliýeleşdirmesini bes etjekdigi we öz agzalygyny gözden geçirjekdigi aýdylýar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......