Ispaniýanyň futbol boýunça çempionaty 11-nji iýunda dikeldilip bilner

  • 25.05.2020 08:38
  • 3.8k+

Ispaniýanyň futbol boýunça çempionatynyň koronawirus zerarly arasy kesilen 2019/20 möwsümi 11-nji iýunda «Sewilýa» we «Betisiň» arasyndaky duşuşyk bilen dikeldilip bilner. Bu barada La Liganyň (Ispaniýanyň çempionatynyň ýokary diwiziony) prezidenti Hawýer Tebas habar berdi. Onuň sözlerini Marca ispan neşiri getirýär, diýip Trend agentligi belleýär.
«11-nji iýunda biz [koronawirus ýokanjy bilen keselländen soň] aradan çykanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap biljek özboluşly futbol duşuşygymyzyň geçirilmek mümkinçiligi bar. Men bu duşuşygyň sewil derbisi bolmagyny islärdim (TASS düzediş: bir şäherde ýerleşýän «Sewilýa» bilen «Betis» toparlarynyň duşuşygy). Duşuşygy ýerli wagt bilen 22:00-da başlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda biz bu senäniň tassyklanylmagyna garaşýarys» diýip, Tebas aýtdy.
Ispaniýanyň çempionaty koronawirus pandemiýasy zerarly mart aýynda saklandy. Mejbury arakesmä çenli klublar meýilleşdirilen 38 duşuşykdan 27-sini geçirdiler. Turbir tablisasynyň birinji orny «Barselona» (58 utuk), ikinji orny «Real» (56 utuk), üçünji orny bolsa, «Sewilýa» (47 utuk) eýeleýär. 18-nji maýdan başlap, klublara 10 adamdan geçmeýän toparlaýyn türgenleşikleri geçirmeklige rugsat berildi. Muňa çenli oýunçylar indiwidual maksatnama boýunça türgenleşik geçýärdiler.

düýn 16:14
3.2k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 14:43
6.8k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....

27.04.2026 18:17
8k+

«Interiň» eminli galmagaly üçin Seriýa A-dan çykarylmagy we titullarynyň elinden alynmagy mümkin

Milanyň «Inter» futbol klubuna Seriýa B-ä düşürilmek we gazanan kuboklaryndan mahrum edilmek ýaly berk düzgün-tertip çäreleri garaşýar diýip AGI habar berýär....

27.04.2026 16:45
6.8k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....