Italiýanyň futbol möwsümi 20-nji awgusta çenli uzaldyldy, täze möwsüm 1-nji sentýabrda başlanar

  • 23.05.2020 22:43
  • 2.3k+

Ýaňy-ýakynda Italiýanyň futbol federasiýasynyň geňeşiniň mejlisi geçdi we onda birnäçe möhüm meseleler maslahatlaşyldy. Sky Sport Italia telekanalynyň habar bermegine görä, Seriýa A, Seriýa B we Seriýa C-däki möwsüm 20-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada euro-football.ru habar berýär. Şeýlelik bilen, italýan çempionatynyň oýunlary UEFA-nyň tomsuň soňky aýynda tamamlamagy göz öňünde tutan ýewrokubogy bilen ugurdaş geçmegi mümkin.
Möwsümiň Italiýanyň Kubogyny tamamlamak üçin 31-nji awgusta çenli hem uzaldylmagynyň mümkindigi bellenilýär. Indiki futbol möwsümini ýurtda 1-nji sentýabrda başlamagy meýilleşdirýärler.
Futbol oýunlarynyň gaýtadan saklanan ýagdaýynda federasiýa A, B we C Seriýalary üçin pleý-off ulgamyny girizmekçi bolýar. Şonda pleý-off tablisanyň ýokarky we aşaky bölegindäki komandalaryň arasynda oýnalar.
Futbol möwsümi doly bes edilen ýagdaýynda toparlaryň gutarnykly orunlary ýörite korrektirleýji görkezijileriň kömegi bilen hasaplanylar.
Maý aýynyň ortalarynda Italiýanyň premýer-ministri Juzeppe Konte ýurtda 14-nji iýuna çenli sport çärelerini geçirmegiň gadagandygy baradaky permana gol çekdi. Klublaryň köpüsi çempionaty 13-nji iýunda dikeltmäge ses berdiler.
Ýatladyp geçsek, häzirki wagtda ýer ýüzi koronawirus pandemiýasyny başdan geçirýär. Soňky maglumatlar boýunça, 5 milliondan gowrak keselleme ýagdaýy hasaba alyndy. 1,98 milliondan gowrak adam sagaldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......