Awiasiýa üçin plazmaly innowasion hereketlendirijisi döredildi

  • 09.05.2020 23:25
  • 5.1k+

Hytaý alymlaryna ýokary awiasion ýangyjyny sarp etmeýän innowasion güýçli gurluşy döretmek başartdy. Bu barada politexpert.net habar berýär. Täze plazmaly hereketlendiriji elektrik razrýadda işlemek bilen, çekiş güýjüni howanyň esasynda döredýär.
Belläp geçsek, meselem, NASA Dawn kosmiki zondunda peýdalanylýan hereketlendirijiler ksenonly plazmany ulanýarlar, ol Ýeriň atmosferasyndaky päsgel güýjüni ýeňip geçip bilmeýär we şol sebäpli ol howa ýolunda ulanmak üçin ýeterlik derejede kuwwatly däl.
Geljekde raýat we harby awiasiýalarynda ulanylyp bilinjek bu döwrebap gurluşy Hytaýyň Uhan şäheriniň alymlary hödürlediler. Bu gurluş häzirki wagtda kosmiki enjamlarda ulanylýan herekete getirijilere meňzeş. Bu gurluş ýangyjy ýakmaýar we parnik täsirini hem-de global ýylamany güýçlendiriji kömürturşy gazy çykarmaýar.
Onuň iş prinsipi hem ýönekeý. Gurluş tarapyndan sarp edilýän howa ýörite kompressor tarapyndan sordurylýar we gysylýar, ondan soň mikrotolkunlar arkaly ionlaşdyrylýar. Howa akymynda dörän elektrik meýdany bilen çaltlaşyp ýola düşýän plazmanyň zarýadlanan bölejikleri emele gelýär. Ahyrynda asmana howa gämisini galdyrmaga mümkinçilik berýän reaktiw akymy ýüze çykýar. Gaty bedenden, suwuklykdan we gazdan başga plazma maddanyň zarýadlanan ionlardan ybarat bolan dördünji ýagdaýy hasaplanýar.
Ýöne Hytaý hünärmenleriniň täze enjamynyň kuwwatlylygy heniz ýeterlik derejede ýokary däl, ol diňe howa agramy bir kilogram töweregi bolan polat şaryny galdyrmaga ýetýär. Ýöne hünärmenler hereketlendiriji gerekli ölçege çenli, ýeterlik derejede ýeňil göwrüme getirilip bilner diýip nygtaýarlar. Şeýle-de, olar täze gurluşyň beýlekilerden ekologik taýdan we tas doly derejeli galmagalsyz işi bilen tapawutlanýandygyny bellediler.

düýn 23:18
448

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....