“Ýuwentus” Zidany kluba tälimçilik etmäge çagyrýar

  • 19.04.2020 23:15
  • 5.4k+

Soccer.ru saýty “Ýuwentus” klubynyň Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi Zinedin Zidany öz toparyna almaga bil baglaýandygyny habar berýär. Fransuz tälimçisiniň turin topary bilen işleşýän Maurisio Sarriniň ýerini çalşyrmagy mümkin. Çeşmäniň maglumatlaryna laýyklykda, Zinedin Zidanyň prezident Florentino Peres bilen ýitileşen gatnaşyklary sebäpli “Realdan” gitmegi ahmal. Bellenilip geçilişi ýaly, turinliler ýaňy-ýakynda Madrid klubynyň halypasy we öň “Ýuwentusyň” futbolisti bolan Zidan bilen habarlaşdylar we oňa indiki möwsümden başlap topara ýolbaşçylyk etmegi hödürlediler. Zidanyň “Real” bilen häzirki şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenilen. Şonda Sarriniň hem şertnamasynyň möhleti tamamlanýar.
Tälimçi eýýäm Çempionlar ligasynda üç gezek yzygider ýeňişden soň, ýagny 2018-nji ýylda “Realdan” gidipdi, ýöne bir ýyl geçenden soň ol öz wezipesine dolanyp bardy.
“Ýuwentus” Italiýanyň çempionatynda 26 tapgyrdan soň 63 utuk gazanmak bilen birinji setiri eýeleýär. Turinliler ikinji ýerde gelýän “Lasiodan” bir utuk öňde.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......