Peýdaly işiň maksimal koeffisiýentine eýe ýolan Gün batareýleri döredildi

  • 19.04.2020 23:09
  • 3k+

Energiýany gaýtadan dikeltmegi öwrenmek boýunça Milli barlaghananyň alymlary (ABŞ) häzirki wagtda peýdaly işiň maksimal koeffisiýentine eýe bolan Gün batareýlerini döretdiler. Ol tebigy Gün şöhlelenmesinde 39,2 göterime, konsentrirlenen Gün şöhlesinde 47 göterime barabar. Bu görkezijileriň ikisi hem Gün batareýleri üçin dünýä rekordyny täzelediler. Bu barada Nature Energy neşirine salgylanmak bilen rg.ru habar berýär.
Şeýle netijäni taslamaçylar plastinanyň innowasion gurluşynyň hasabyna almagy başardylar. Fotoelement alty gatlakdan ybarat bolan gatlakly pirog görnüşinde, ol gatlaklaryň her biri aýratyn materialdan taýýarlanan. Bu allýumin-galliý-indiý fosfidi, allýumin-galliý arsenidi, galliýniň arsenidi we galliý-indiý arsenidiniň üç görnüşi. Materiallaryň şeýle köpdürlüligi elektrigi öndürmek üçin fotony dürli hili energiýa bilen ulanmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, gatlaklaryň arasynda-da kömekçi maddalaryň gatlagy ýerleşdirilen. Netijede “gatlakly pirogda” jemi 140 dereje bar. Gyzykly ýeri, batareýiň özi adamyň saçyndan üç esse inçe.
Şeýle fotoelementler önümçiliginiň kynlygy sebäpli ýokary baha eýe. Ýöne işiň awtorlarynda bu soraga hem jogap bar. Onuň bahasyny, olaryň pikiriçe, fotoelementiň meýdanyny kiçeltmek bilen ep-esli azaltmak bolar. Muny hem çukanak aýnalaryň kömegi bilen ýagtylygy fokusirlemek arkaly etmek bolar.
Şeýle önümiň energetika üçinem, kosmiki senagat üçin hem ähmiýeti uly. Häzirki wagtda kosmiki enjamlarda kremniý fotoelementleri ulanylýar, olaryň peýdaly iş koeffisiýenti 20 göterim töweregidir. Şonuň üçin hemralarda energiýany öndürmek üçin uly meýdanly fotopaneller peýdalanylýar. Täze ykjam we netijeli batareýler kosmiki pudagyň geljegidir.
Belläp geçsek, Gelmgols adyndaky energiýanyň we materiallaryň Berlin merkeziniň nemes alymlary kosmiki gämiler üçin ýörite täze görnüşli Gün batareýlerini döretdiler. Olaryň peýdaly iş koeffisiýenti 24,1 göterime deň.

düýn 23:18
448

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....