Hytaýda iň uly futbol stadionynyň gurluşygyna başlanyldy

  • 17.04.2020 23:43
  • 5.5k+

HHR-de 100 müň töweregi tomaşaçy ýerleşýän iň uly futbol stadionynyň gurluşygy Hytaýyň Guançžou günorta welaýatynda başlandy. Bu barada Xinhua agentligine salgylanmak bilen football.kulichki.net habar berýär.
Täze stadionyň meýdançasy, takmynan, 150 müň inedördül metre, onuň töweregindäki umumy gurluşyk meýdançasy bolsa 300 müň inedördül metre barabar bolar. “Guançžou Ewergrand” kluby degişli bolan “Ewergrand topar” kompaniýasy bu sport obýektiniň eýesi bolar. Kompaniýanyň sport toplumynyň gurluşygyna maýa goýumy 12 mlrd ýuana ($1,69 mlrd töweregi) deň boldy.
Meýdançanyň eýeleri stadion 2023-nji ýyldaky Aziýanyň Kubogyna taýýar bolar diýip hasaplaýarlar. Gurluşyk işleri 2022-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanar. Bu meýdança lotos gülüniň formasyny ýada salar. “Guançžou” häzirki wagtda Hytaýyň çempiony hasaplanylýar.
Mundan başga-da kompaniýa Hytaýda 80-den 100 müňe çenli tomaşaçy ýerleşýän üçden bäşe çenli futbol stadionlaryny gurar.
Hytaýda täze futbol möwsüminiň başlanmagy koronawirus pandemiýasy sebäpli soňa goýuldy. Hytaýyň futbol assosiasiýasy çempionaty iýunda ýa-da iýulda başlamagy meýilleşdirýär.

şu gün 00:19
579

Ferrarini döreden adamyň şahsy kostýumyny auksionda 200 müň dollara satmak isleýärler

Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär. Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir...

düýn 16:20
1.5k+

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy...

düýn 15:41
2.5k+

Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy...

düýn 13:10
4.3k+

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar

Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar. Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar...