“Barselona” çökgünlik sebäpli tomusda Neýmary satyn almaz

  • 17.04.2020 23:32
  • 4.2k+

“Pari Sen Žermeniň” hüjümçisi Neýmar tomus transfer penjiresinde “Barselona” dolanmaz.
Gazeta.ru saýtynyň “Catalunya Radio” radiotoruna salgylanyp habar bermegine görä, katalonlylar koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan maliýe çökgünliligi bilen baglylykda braziliýaly oýunçynyň transfer mümkinçiligini aradan aýyrdylar.
COVID-19-yň esasynda emele gelen durnuksyz ykdysady ýagdaý transfer bazaryna öz täsirini ýetirdi. Eger-de pandemiýadan öň Neýmar “Barselonanyň” esasy transfer maksady bolan bolsa, häzir katalon kluby 170 mln ýewro sarp etmeli bolan braziliýaly hüjümçini satyn almak mümkinçiligini öz maksadyndan aýyrdy.
Häzirki wagtda “Barselonanyň” esasy transfer maksady “Interiň” hüjümçisi Lautaro Martines bolup durýar. Katalonlylar eýýäm futbolistiň ýagdaýy bilen gyzyklandylar. Argentinalynyň şertnamasynda ondan ýüz öwren ýagdaýynda 111 mln möçberde pul tölemelidigi barada punkt bar, ýöne gök-gyzyllar ylalaşyga öz oýunçylaryny girizmek arkaly bahany peseltmäge synanyşarlar.
Mundan başga-da, “Barselona” Lionel Messi bilen şertnamanyň möhletini uzaltmak meselesinde ünsi jemlär.
Belläp geçsek, Neýmar 2017-nji ýylyň tomsunda “Barselonadan” “PSŽ-a” rekord möçberindäki baha, ýagny 222 mln ýewro geçdi. Heniz Neýmaryň bu ýagdaýa nähili garajagy belli däl. Sebäbi hüjümçi Ispaniýa dolanmak isleýärdi, “Barselona” bolsa munuň amala aşyryljagyna söz berdi. Ispan HBS-i Neýmaryň “Barselonanyň” wadasy esasynda “Reala” geçmändigini belleýär. Eger-de bu hadysa ýakyn wagtda bolup geçmese, onda Neýmaryň hem ýene bir ýyl Parižde galmazlyk üçin “Realyň” teklibini kabul edäýmegi ähtimal.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......