Çempionlar ligasynyň we Ýewropanyň ligasynyň finalynyň geçirilip bilinjek seneleri atlandyryldy

  • 16.04.2020 23:56
  • 7.3k+

Çempionlar ligasynyň we Ýewropanyň ligasynyň finalynyň geçirilmegi mümkin bolan seneleri atlandyryldy.
“The Telegraph” neşiriniň maglumatlary boýunça, UEFA Çempionlar ligasynyň finalyny 29-njy awgustda Stambulda geçirmegi teklip edýär, bu barada news.sportbox.ru habar berýär. Ilkibaşda oýun 30-njy maýda “Atatürk” stadionynda geçirilmelidi. Şeýle ýagdaýda 1/4 finalyň duşuşyklaryny 28-nji we 29-njy iýulda, turniriň galan bölegini bolsa awgustda geçirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda turniriň 1/8 finalynyň sekiz jogap duşuşygyndan 4-si geçirildi.
Ýewropanyň ligasynyň finaly Gdanskide 26-njy awgustda geçirilip bilner. Ýewrokubokdaky we milli ligalardaky oýunlaryň täze tertipnamasyny maslahatlaşmak işleri dowam edýär.
UEFA ýewrokubogyň oýunlarynyň çempionatdaky oýunlar bilen birwagtda geçirilmegine garşylyk bildirmeýär, ýöne klublaryň köpüsi içki birinjiligi doly tamamlap, soň ýewrokuboga girişmegi makul hasaplaýarlar.
Çempionlar ligasynyň we Ýewropanyň ligasynyň awgustyň ahyrynda tamamlanmagy milli çempionatlary tamamlamaga mümkinçilik berýär, şeýle-de Ýewropa ýurtlarynyň bu wagta çenli çäklendirmeleri ýatyrmagyna, netijede toparlaryň Ýewropa boýunça hiç hili kynçylyksyz hereket etmegine mümkinçilik döredýär.
Öň turnirleri tomusyň ahyrynda bäş hepdäniň içinde tamamlamak wariantynyň hem gözden geçirilýändigi habar berildi.
23-nji aprelde UEFA koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaý boýunça 55 assosiasiýanyň hemmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ýerine ýetiriji komitetiň mejlisini geçirer, onuň esasy temasy milli çempionatlary we ýewrokubogyň turnirlerini dikeltmek mümkinçiligi bolar. Guramanyň prezidenti Aleksander Çeferin oýny geçirmän oňanyndan, ony tomaşaçysyz geçireniň gowudygyny belleýär.
Ýatladyp geçsek, 13-nji martda UEFA koronawirus pandemiýasy zerarly Çempionlar ligasynyň we Ýewropanyň ligasynyň oýunlarynyň saklanýandygy barada habar berdi. Belorusdan galan ýewropa çempionatlarynyň ählisi arakesme aldylar. Oýunlar tomusdan öň dikeldilmez diýlip pikir edilýär.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......