UFC 249 turnirini 9-njy maýa meýilleşdirdiler

  • 16.04.2020 10:17
  • 8.8k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt bäş gün bäri UFC 249 turniri barada hiç zat aýdanokdy. 10-njy aprelde ol 18-nji senä meýilleşdirilen çäräni olary bir aýdan dolajakdygyna söz bermek bilen resmi taýdan ýatyrypdy. 15-nji aprelde bolsa ol “köp kynçylyklary gören” çäräni guramanyň 9-njy maýda gurnamak isleýändigini habar berdi, bu barada m.sports.ru belleýär.
UFC 249 turnirine giden bir göreş bellenilen, ýagny onda birbada üç sany titul göreşi geçiriler, onuň üstüne köp sany gyzykly reýting gapma-garşylyklary goşular. Turniriň geçiriljek ýeri bolsa henizem belli däl.
UFC 249 birnäçe zatlary başdan geçirdi, ýagny Habib-Fergýuson göreşiniň ýatyrylmagy (hasabat boýunça bäşinji gezek), turniri geçirmeklige ähli ştatlaryň gadagan etmeleri, hususy ada barada kabul bolmadyk arzuwlar we indeýleriň rezerwasiýasynda geçirmek baradaky pikiri ýatyrmak bilen bagly karar.
“Biz turnirleri rugsat aldygymyz gurnarys. Biz şu ýylda bellenilen 42 çäräniň ählisini hem geçirmegi meýilleşdirýäris. Mümkinçilik ýüze çykdygy biz dolanarys. Örän bahym. Meniň pikirimçe, biz bir aýdan dagy öýlerimizden çykyp bileris. Hawa, meniň çaklamam – turnirleri bir aýdan gurnarys” – diýip, Dana 10-njy aprelde UFC 249 turniri resmi taýdan ýatyrylandan soň aýdypdy.
“Biz turnirleri 9-njy maýda geçirmekligi göz öňünde tutýarys. Promouşen grafige dolanar, eger hiç hili daşky şertler päsgel bermese, onda UFC 249 turnirini 9-njy maýda gurnarys” – diýip Dana belleýär. Häzirlikçe Uaýt 30 günden dolanmak wadasyny saklaýar, ýöne grafigi düzmek örän kyn bolar. Aslynda 9-njy maýa eýýäm indiki turnir - UFC 250 meýilleşdirilipdi. Ýagny, turnir bir aý yza galýar.
UFC 249 turniriniň geçiriljek ýeri heniz hem esasy mesele bolmagynda galýar. Turnir Nýu-Ýorkdan Las-Wegasa, ol ýerden Florida, hususy ada, Kaliforniýa we indeýleriň rezerwasiýasyna geçirilipdi. Häzirki wagtda birinji wariant – Florida. Ýöne Dana Las-Wegasy göz öňünde tutýar.
“Biz Las-Wegasda UFC edarasy bilen ýakyn ýerde turnirleri pandemiýadan halas etmek üçin APEX obýektini gurduk. Uruşlar indiki aýdan başlap we geljekde-de göni ýaýlymda şol ýerden görkeziler” – diýip, Uaýt belleýär. APEX zalynda ol öň Dana White’s Contender Series seriýanyň turnirlerini geçiripdi.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......