“Realda” “Ronaldu meselesine” çözgüt tapdylar

  • 15.04.2020 23:31
  • 13k+

Kriştianu Ronaldu 2018-nji ýylyň tomsunda turin “Ýuwentusyna” geçenden soň, “Şa Kluby” onuň ýoklugyndan kynçylyk çekýärdi. Netijede, bu meseläni çözmeklige çynlakaý çemeleşdiler diýip news.sportbox.ru habar berýär.
Florentino Peresi netijeler kanagatlandyrmadyk ýagdaýynda, ol radikal hereket edip başlaýar. “Realyň” başynda duran ýyllarynyň dowamynda ol rekordly transfer boýunça futbol dünýäsiniň esasy hünärmenine öwrüldi. Ýöne soňky möwsümlerde madridliler bazarda özlerini “ýolbaşçy” hökmünde görkezmedi. Garet Beýliň 2013-nji ýylda “Tottenhemden” 101 mln ýewro transferi häzire çenli “Real” üçin taryhda iň gymmady bolmagynda galýar. Eden Azar boýunça (100 mln) geçen ýylky şertnama oňa gowy ýakynlaşdy, ýöne Peresiň islegini göz öňünde tutsaň, onda onuň şunuň bilen saklanjagyna ynanmak gaty kyn.
Häzirki wagtda “Real” düzümi düýpli täzelenişe mätäçlik çekýän ýagdaýa ýetdi. Kriştianu Ronaldu topardan gitdi, beýleki liderler bolsa garraýarlar ýa-da olar golfy makul hasaplaýarlar. Olara derek Federiko Walwerde, Winisius Žunior, Ferlan Mendi ýaly ýaş futbolistler ýüze çykýar, ýöne olar heniz netije görkezmäge taýýar däl.
Häzir “Real” durnukly däl, sebäbi hüjümde lider ýok. Ronaldu gidenden soň Madridde ilki bilen näme etmelidigi belli bolmady, häzir bolsa bu meseläniň çözgüdi tapyldy. Bombardiri Mbappe hem-de Holand hüjümçileri bilen çalşyrmak bolar. Ýöne ilki bilen olary satyn almaly. Munuň üçin bolsa diňe klubyň däl-de, eýsem ýewropanyň transfer rekordyny täzelemeli bolýar.
“Real” Kilian Mbappeni eýýäm birnäçe wagtdan bäri satyn almakçy bolýar. Ýöne bu ýerde mesele “PSŽ-da”. Bu hüjümçiniň özüniň hem Parižden gitmek isleýändigine garamazdan, fransuz oýunçysynyň häzirki kluby ony hiç ýere goýbermek islemeýär. Katar şeýhleri Mbappe üçin 145 mln tölediler.
- Bilşime görä, Mbappeniň “PSŽ-dan” “Reala” transferi doly resmileşdirilen ýaly, ýöne koronawirus epidemiýasy zerarly geçirilişik soňa goýuldy. Kilian parižliler bilen şertnamany uzaltmaz. Klub ony şu tomusda satmaga razy boldy, şonuň üçin bu wagtlaýyn mesele – diýip, “PSŽ-niň” ozalky ýarym goragçysy Žerom Roten belleýär.
Florentino “Borussiýanyň” oýunçysy Erling Holanda hem isleg bildirýär. Futbolistiň agentiniň aýtmagyna görä, ol Dortmunda azyndan 2021-nji ýyla çenli galmakçy bolýar. Häzirki wagtda Transfermarket futbol portaly Holandy 72 mln ýewro bilen bahalandyrýar.
Eger-de madridlileriň prezidentine Mbappeni we Holandy satyn almak başartsa, onda ol “Realy” täze “ýyldyz” derejesine çykarar.

düýn 23:07
1.7k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.3k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5.1k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......