Toni Fergýuson UFC 249 turniriniň ýatyrylmagyna garaýşyny aýtdy

  • 14.04.2020 23:10
  • 9.4k+

UFC 249 turniriniň ýatyrylandygyna garamazdan, UFC-niň ýeňil agramlylarynyň reýtinginiň birinji belgili göreşijisi Toni Fergýuson türgenleşik prosesini bes etmekçi bolmaýandygyny we öz maksadynda ünsüni jemlemegi dowam etdirýändigini habar berdi. Bu barada fighttime.ru belleýär.
“Ýeri, bolýa — men barybir türgenleşigi dowam etdirerin” – diýip, Fergýuson “OC Register” gazetine beren interwýusynda belleýär.
Şou resmi taýdan ýatyrylandan soň, indi Fergýusona wagtlaýyn titul üçin Jastin Getji bilen göreşmek gerek däl, ol Habib Nurmagomedowa degişli bolan UFC-niň ýeňil agramda çempion guşagyna esasy dalaşgär bolmagynda galýar.
“Men özümiň adaty işlerim bilen meşgullanmagy we baýraklary ýygnamagy dowam etdirmekçi bolýaryn. Men ertirlerine oýanaryn, dileg ederin, özümiň kiçijik oglumy we aýalymy gujaklaryn, ýene-de türgenleşerin. Mundan başga men näme bilen meşgullanaýyn?”
Fergýusonyň aýtmagyna görä, ol türgenleşik prosesini üýtgetmegi we indiki göreşe çenli myşsalaryny artdyrmagy göz öňünde tutýar.
“Men türgenleşigi dowam etdirjek, bilýäňizmi, näme? Men muskullarymy biraz ösdürmekçi bolýaryn. Men gaty hor. Men biraz myşsa agramyny artdyraryn.
Özümiň nämä ukyplydygymy görkezmek üçin ähli güýjüm bilen işlemegimi dowam etdirerin”.
Öň, Habib Nurmagomedow Toni Fergýuson bilen göreşe awgustda San-Fransiskoda ýa-da sentýabrda Abu-Dabide çykmaga taýýar boljakdygyny habar berdi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......