“Sentýabr uzakda däl, asuda wagty urşa taýýarlyk görmeli”. Habib Toni bilen göreşe yşarat etdi

  • 13.04.2020 23:39
  • 11k+

Garyşyk stiliň russiýaly göreşijisi Habib Nurmagomedow özüniň ýakyndaky göreşini sentýabrda geçirmeginiň mümkindigine yşarat etdi diýip news.sportbox.ru habar berýär.
— Sentýabra uzak wagt galmady, meniň özümem ähli zadyň sentýabrda gutarjakdygyna kynlyk bilen ynanýaryn, ýöne bir adam asuda wagty urşa taýýarlyk görmelidigini aýtdy” – diýip, Nurmagomedow özüniň Instagramdaky sahypasynda ýazýar.
Ýatladyp geçsek, Nurmagomedow UFC 249 turnirinde Toni Fergýusona garşy ýeňil agramda çempion guşagyny goramalydy. Emma ol Russiýadan çykyp bilmändigi sebäpli, oňa gatnaşyp bilmedi.
Habibiň deregine Jastin Getji çykmalydy, emma soň turnir koronawirus pandemiýasy zerarly ýatyryldy. Habibiň tälimçisi Hawýer Mendes hem ýeňil agramda UFC-niň çempionynyň oktagona dolanan wagtynda onuň garşydaşy hökmünde kimi görmek isleýändigini gürrüň berdi.
“Biz ony sentýabrda ýa-da awgustda görüp bileris. Eger bu awgustda bolsa, San-Fransiskoda bolar. Eger-de sentýabrda bolsa, ol Abu-Dabidäki turnire dolanyp barar. Bu iki wariantyň haýsy hem bolsa biri bolar” – diýip, MMAFighting web-saýty Mendesiň sözlerini getirýär.
Mendesiň pikiriçe, Habibiň Toni Fergýuson bilen göreşini gurnamaga edilen bäş şowsuz synanyşyk Nurmagomedowa başga bir garşydaşy bermäge esasy sebäp bolup durýar.
“Eger-de men saýlamaly bolsam, men Jastin Getji bilen göreşi saýlardym, şonda biziň göreşiň geçiriljegine ynamymyz bolardy. Diňe şu sebäp bilen men Getjiniň garşydaşymyz bolmagyny isleýärin. Bolan zatlary göz öňünde tutsak, onda entek hemme zadyň üýtgemegi ahmal”.
“Toni Fergýuson güýçli urşujy, ýöne eger-de göreşi belli etmeseler, men gaty alada etmerin, sebäbi göreşiň altynjy gezek ýatyrylmak gorkusy meni türgenleşik lagerinde hemişe yzarlap gezer. Beýle zat öň bolmandy”.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......