Italiýanyň çempionatyny 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli tomaşaçysyz geçirmek göz öňünde tutulýar

  • 12.04.2020 23:31
  • 4.4k+

Italiýanyň hökümeti ýurtda futbol oýunlaryny tomaşaçysyz geçirmegi meýilleşdirýär. Bu çäklendirme 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli dowam eder. Bu barada beIN Sports telekanalynyň žurnalisti Twitterde habar berýär. Öň Seriýa A-nyň 31-nji maýda dikeldiljekdigi belli bolupdy diýip soccer.ru habar berýär.
“Italiýanyň hökümetinden gelýän informasion akymlar täze düzgün boýunça tomaşaçylaryň 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli münbere goýberilip bilinmejekdigi barada aýdýar” – diýlip postda bellenilýär.
Italýan futbol federasiýasy tarapyndan bu barada resmi tassyklanma heniz ýok.
10-njy aprelde Italiýanyň premýer-ministri koronawirus infeksiýasynyň ýaýrawy zerarly çäklendiriji çäreleriň ýurtda 3-nji maýa çenli hereket etjekdigini aýtdy. Italiýada adatdan daşary çäreler 9-njy martda girizildi. Raýatlara ilatly nokatlarda we olaryň çäklerinde gaty zerur bolmasa hereket etmegi gadagan etdiler, mekdeplerde okuwlar we köpçülikleýin çäreler hem ýatyryldy. 12-nji martdan hökümet islendik söwda işini gadagan etdi, 22-nji martdan iň zerur bolanlardan galan ähli önümçilikler saklanyldy.
Ýurduň futbol birinjilikleriniň ähli oýunlary näbelli möhlet bilen saklanyldy. Ýokary diwizionyň, A seriýanyň, ähli klublary öz oýunçylarynyň aýlyklaryny kemeltmäge razy boldular.
26 tapgyrdan soň tablisada 63 utuk bilen Turin “Ýuwentusy” liderlik edýär. Rim “Lasionynda” bir bal az, üçlügi 54 utugy bilen Milan “Interi” jemleýär.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......