Messi Transfermarktyň wersiýasy boýunça 28 million ýewro, Ronaldu 15 mln ýewro arzanlady

  • 11.04.2020 23:57
  • 9.3k+

Transfermarkt portaly koronawirus pandemiýasy sebäpli saklanan möwsümiň fonunda futbolistleriň transfer bahalaryny täzeledi.
“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messiniň gymmatlylygynyň 140-dan 112 million ýewro çenli peselendigi habar berilýär. 32 ýaşly argentinaly oýunçy iň gymmat oýunçylaryň reýtinginde dokuzynjy orna düşdi. Bu barada news.sportbox.ru habar berýär.
“Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bu sanawda 46-njy orunda ýerleşdi. Häzirki wagtda 35 ýaşly portugaliýaly 60 million ýewro durýar, onuň bahasy 15 million peseldi.
Dünýäniň iň gymmat oýunçysy “PSŽ-niň” fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe hasaplanylýar. Portal ony 180 million ýewro diýip bahalandyrýar.
Ikinji we üçünji orny “Mançester Sitiniň” hawbeki Rahim Sterling we “PSŽ-niň” hüjümçisi Neýmar paýlaşýar. Olaryň ikisiniň hem gymmatlylygy 128 million.
Transfermarkt portalynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň gymmat futbolistleriniň 10-lugy:
1. Kilian Mbappe (“PSŽ”, Fransiýa) – 180 million ýewro
2-3. Rahim Sterling (“Mançester Siti”, Angliýa) – 128
2-3. Neýmar (“PSŽ”, Braziliýa) – 128
4-7. Sadio Mane (“Liwerpul”, Senegal) – 120
4-7. Mohamed Salah (“Liwerpul”, Müsür) – 120
4-7. Garri Keýn (“Tottenhem”, Angliýa) – 120
4-7. Kewin de Brýuýne (“Mançester Siti”, Belgiýa) – 120
8. Jeýdon Sanço (“Borussiýa”, Angliýa) – 117
9. Lionel Messi (“Barselona”, Argentina) – 112
10. Trent Aleksander-Arnold (“Liwerpul”, Angliýa) – 99...
46. Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”, Portugaliýa) – 60.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......