UFC 249 turniri hem-de promouşeniň ýakynda geçirilmeli bolan ähli turnirleri ýatyryldy

  • 10.04.2020 23:42
  • 6.6k+

Promouşeniň we onuň prezidenti Dana Uaýtyň ähli tagallalaryna garamazdan, 18-nji aprele ABŞ-da meýilleşdirilen UFC 249 turniri geçirilmez, bu barada vringe.com habar berýär.
Ýaňyrak ESPN telekanaly we Disney kompaniýasy koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda guramanyň ýakynda bolmaly bolan ähli turnirleriniň geçirilmegine iýuna çenli gadagan edilen diýen belgini goýdy.
Ýatladyp geçsek, mundan öň Uaýt, HBS-niň maglumatlary boýunça, UFC 249 turnirini ABŞ-nyň kanunlarynyň hereket etmeýän ýerinde, ýagny Lemur şäheriniň (Kaliforniýa ştaty) indeý rezerwasiýasynda geçirmegi meýilleşdiripdi. Şeýle-de, ol promouşeniň çärelerini geljekde hem geçirer ýaly nähilidir bir adany tapdy.
Indi Dana guramanyň işi dikelenden soň hem Lemur şäheriniň, hem-de ady agzalmadyk adanyň UFC-niň nobatdaky turnirlerini kabul etjekdigine söz berýär.
9-njy aprelde ABŞ-da COVID-19 wirusy bilen kesellemegiň 33 536 ýagdaýy we 1 900 ölüm hasaba alyndy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......