Alymlar koronawirusyň ýüze çykarýan keselini bejermekde gan goýbermäniň kömek etjekdigini belleýärler

  • 10.04.2020 06:58
  • 15k+

Gonkong uniwersitetiniň alymlary täze koronawirusyň ýüze çykarýan keselini bejermekde öň keselliden alnan, düzüminde wirus antibedenjiklerini saklaýan ganyň goýberilmegi kömek edip biler diýip çaklaýarlar. Muny homýaklarda geçirilen eksperimentler tassyklaýar, bu barada Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
Mikrobiologlar Siriýanyň altyn reňkli homýaklarynda olaryň organizmindäki ACE2 belok gurluşy adamyňky bilen gabat gelýär diýen hasabat bilen tejribe geçirip gördüler. Bu belok koronawirusyň öýjüge girmegi üçin reseptor hasaplanylýar.
Kesellän pursadynyň ilkinji hepdesinde haýwanjyklarda öýkeniň, dem alyş ýollarynyň, immun sistemasynyň, içegäniň zaýalanmagy bilen bagly agyr alamatlar ýüze çykyp başlady. “Takmynan dördülenji gün infeksiýa has güýçlendi, netijede öýken gan akmasy bellige alyndy” – diýip barlagy geçiriji professor Ýuen Kwok-ýun aýdýar. Ýöne bir hepde geçenden soň, onuň aýtmagyna görä, käbir gemrijiler ýuwaş-ýuwaşdan gutulyp başladylar, olaryň agramy kadaly ýagdaýa gelýärdi, ganda bolsa antibedenjikler peýda boldy.
Şondan soň alymlar olaryň ganyny sagdyn homýaklara goýbermek üçin ulandylar, soňra oňa koronawirusy ýokuşdyrdylar. Şeýle ýagdaýda gemrijiniň organizmindäki wirus 10 esse pesdi. “Eger-de biz adamlarda hem şeýle etsek, ýagny gutulan adamlaryň ganynyň plazmasyny wena arkaly goýbersek, bu hakykatdan hem wirusy gowşatmak bilen olara sagalmaga kömek edip biler” – diýip professor Ýuen çaklaýar. Ol häzir toparyň adamlarda degişli barlaglary geçirmek mümkinçiligine eýe bolmak üçin etika boýunça medisina komiteti tarapyndan makullanylma garaşýandygyny habar berdi.
Eksperimentleriň dowamynda infeksiýa goýberilen homýaklaryň sagdyn homýaklar bilen bir kletkada ýerleşip, olara koronawirus ýokuşdyrmaga ukyplydygy ýüze çykaryldy.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....