Habib Fergýuson – Getji göreşiniň ýeňijisi bilen uruşmaga taýýar

  • 10.04.2020 06:54
  • 10k+

Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Habib Nurmagomedowyň menejeri Rizwan Magomedow türgeniň Toni Fergýuson bilen Jastin Getjiniň arasyndaky göreşiň ýeňijisi bilen uruşmaga taýýardygyny mälim etdi.
— Garşydaşyň Fergýuson – Getji göreşiniň ýeňijisi boljakdygy anyk zat. Öz guşagyňy goramak – bu çempionyň borjy. Şu ýerde garşydaş kesgitlener – diýip news.sportbox.ru Magomedowyň sözlerini getirýär.
Ýatladyp geçsek, Nurmagomedow bilen Fergýusonyň arasyndaky titul göreşi 18-nji aprelde Bruklinde (ABŞ) geçirilmegi meýilleşdirilen UFC 249 turniriniň esasy göreşi bolmalydy. Apreliň başynda Habib koronawirus pandemiýasy zerarly Russiýada karantinde galýandygyny aýtdy, netijede onuň Fergýuson bilen göreşi ýatyryldy.
Duşenbe güni promouşeniň ýolbaşçysy Dana Uaýt Habibe derek Getjiniň Toni Fergýusonyň garşydaşy boljakdygyny habar berdi.
UFC 249 turniriniň ýa-ha kärendesine alnan adada, ýa-da Kaliforniýada indeýleriň rezerwasiýasynda geçirilmegi mümkin.

şu gün 16:20
592

FIFA: Şu gyşda klublar transferler üçin 1,9 mlrd dollar sarp etdi

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) habar bermegine görä, professional erkekler futbol klublary ýakynda tamamlanan ýanwar aýynyň transfer penjiresinde 1,9 mlrd dollardan gowrak sarp etdi. Ýanwar aýynda 5 900-den gowrak halkara transferi hasaba alyndy...

şu gün 15:41
1.1k+

Küşt hem girdejili sport. Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan küştçüsi boldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň köp pul baýragyny gazanan küştçüleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu reýting eýýäm yzygiderli ikinji ýyl «Forbes Sport» neşiri we «Chess Plus» media taslamasy tarapyndan taýýarlanyldy...

şu gün 13:10
2.4k+

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar

Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar. Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar...

şu gün 09:33
2.1k+

Italiýada 2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy: Ol nähili geçdi?

7-nji fewrala geçilýän gije Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Taryhda ilkinji gezek bu çäre bir wagtyň özünde birnäçe şäherde — Milan, Kortina-d’Ampesso, Predasso we Liwinýo şäherlerinde geçirildi...