“Barselona” “Realyň” eks-goragçysy Ernandes bilen gyzyklanýar

  • 09.04.2020 23:25
  • 3.1k+

“Milanyň” fransuz goragçysy Teo Ernandesiň Ispaniýanyň çempionatyna dolanmagy ahmal. News.sportbox.ru saýtynyň habar bermegine görä, 22 ýaşly futbolist bilen “Barselona” gyzyklanýar. Çünki katalonlylaryň ýolbaşçylygy toparyň çep gapdalyny berkitmeli, şonuň üçin olar eýýäm Ernandes boýunça teklip hem taýýarladylar. Transferiň bahasy 40 million ýewro bolar diýlip habar berilýär.
Belläp geçsek, “Milandan” öň Ernandes 2016-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykda Madridiň “Realynyň” düzüminde çykyş etdi. Mundan başga-da, Turin “Ýuwentusy” hem Ernandes bilen gyzyklanýar. 2019-20 möwsümde Seriýa A-da fransuz oýunçysy “Milan” üçin 22 oýna gatnaşyp, 5 gezek gol saldy we 3 gezek netijeli geçirim etdi.
Ýatladyp geçsek, ýaňy-ýakynda “Barselonanyň” “Ýuwentusyň” hüjümçisi Federiko Bernardeskiniň transferi üçin iki oýunçydan aýrylmaga taýýardygy barada maglumat peýda boldy. “Barselonanyň” turin klubyna Bernardeskini Iwan Rakitiç bilen Samýuel Ýumtitä çalyşmagy teklip edendigi habar berilýär. Toparlar eýýäm tomus transfer penjiresinde şertnamalar boýunça gepleşikleri geçirmäge girişdiler. Çeşmäniň maglumatlaryna laýyklykda, Ýumtiti bilen “Çelsi” hem-de “Arsenal”, Rakitiç bilen bolsa “Mançester Ýunaýted” hem gyzyklanýar.
Bernardeski “Ýuwentusda” 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär, mundan öň ol “Fiorentinoda” oýnapdy. Şu möwsümde italýan oýunçysy milli çempionatda 18 duşuşyga gatnaşdy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......