Gurbanguly Berdimuhamedow koronawirusyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirmegi tabşyrdy

  • 09.04.2020 09:48
  • 11k+

Türkmenistanda saglygy goraýyş we bilim meseleleri boýunça geçirilen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, degişli düzümlerde alnyp barylýan işler barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Wise-premýer gözegçilik edýän saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada aýdyp, ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagyna garşy anyk we toplumlaýyn çäreleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi hem-de işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.
Bellenilişi ýaly, halkymyzyň saglygy ýurdumyzyň esasy gymmatlygy bolmak bilen, saglygy goramak işlerine ýokary jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda, bilim ojaklarynda alnyp barylýan işler häzirki zamanyň ýokary talaplaryna we ösen halkara ülňülerine laýyk gelmelidir.
Şunlukda, döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, degişli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilmelidir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......