Getji Nurmagomedowa derek Fergýuson bilen urşar

  • 08.04.2020 23:41
  • 7.6k+

Öň hem bellenilip gelşine görä, UFC 249 turniri geçiriler. Agşamyň esasy göreşinde ýeňil agramly kategoriýanyň reýtingindäki birinji belgili Toni Fergýuson reýtingiň dördünji belgisi Jastin Getji bilen duşuşar, bu barada ru.ufc.com habar berýär. Göreşiň esasynda şu agramda UFC-niň wagtlaýyn çempionynyň guşagy durar. Ýöne göreş üçin heniz şertnama gol çekilenok.
Belläp geçsek, Fergýuson on iki gezek yzygider ýeňiş gazanyp gelýär. Getji soňky üç göreşde üç ýeňiş gazandy. Özleriniň soňky göreşlerinde göreşijileriň ikisi hem Donald Serronäni ýeňdiler: Toni “Kowboýdan” geçen ýylyň iýunynda üstün çykdy, lukman göreşi ikinji raunddan soň saklamaly boldy. Şol ýylyň sentýabrynda bolsa Jastin Getji Donaldy birinji raundda nokaut bilen ýeňdi.
Ýatladyp geçsek, esasy wakasy Nurmagomedow bilen Fergýusonyň göreşi bolmaly bolan UFC 249 turnirini 18-nji aprelde Bruklinde (Nýu-Ýork) geçirmek meýilleşdirilipdi. Koronawirus infeksiýasynyň ýaýramak howpy zerarly çäräni başga ýere geçirmeli boldy. Nurmagomedow turnire gatnaşyp bilmez, çünki ol karantin sebäpli Russiýadan çykyp bilenok.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......