Bütindünýä saglyk gününde Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişlere 7 müň adam gatnaşdy

  • 08.04.2020 09:47
  • 7.7k+

Olimpiýa şäherjiginiň sport toplumlarynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri geçirildi. Şol çärelere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow badalga berdi.
Hususan-da, futzal, basketbol, tennis, fitnes, gimnastika, woleýbol, ýeňil atletika boýunça ýaryşlar guraldy hem-de küşt we bouling oýnaldy.
Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Şeýle ýöriş Aşgabatda 3,5 müň adamyň gatnaşmagynda geçdi. Olar Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden badalga alyp, Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen şäheriň merkezindäki Döwlet münberine çenli aralygy geçdiler. Ýoluň uzaklygy 15 kilometre barabar boldy. Umuman, Türkmenistan boýunça, guramaçylaryň hasaplamalaryna görä, köpçülikleýin welosipedli ýörişlere 7 müň adam gatnaşdy.
Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli welaýatlaryň her biri çäreleriň maksatnamasyny taýýarlady. Onuň düzümine türgenleriň görkezme çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we ýoldaşlyk duşuşyklary, milli sport oýunlary boýunça bäsleşikler, aýdym-sazly çykyşlar we ençeme beýlekiler girdi. Ähli stadionlar diýen ýaly, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, açyk meýdançalar hem-de ýokary okuw mekdepleriniň sport zallary ulanyldy.
Milli telewideniýäniň we radionyň ähli ýaýlymlary boýunça bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge, bu ulgamda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyna bagyşlanylyp, ýörite taýýarlanylan gepleşikler berildi.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......