Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna we Olimpiýa şäherjigine baryp gördi

  • 08.04.2020 09:39
  • 6k+

7-nji aprelde Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilip geçilmeginiň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna, şeýle hem Olimpiýa şäherjigine baryp gördi.
Ahalteke atçylyk toplumynda döwlet Baştutany Gyratym atly bedew bilen didarlaşyp, onuň bilen manežde türgenleşik geçdi. 
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine gelip, bu ýerdäki welosiped ýodasynda ogly Serdar Berdimuhamedow bilen welosipedli ýöriş etdiler. Olimpiýa şäherjiginde üsti ýapyk welotrekde döwlet Baştutany welosipedde ýaryş ýodasy boýunça türgenleşik aýlawyny geçdi. Soňra beýleki ýolbaşçylar hem türkmen Lideriniň göreldesine eýerdiler
Olimpiýa şäherjigine baryp görmeginiň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Maslahatyň barşynda döwlet Baştutany halkymyzyň saglygyny saklamagyň we berkitmegiň möhüm şerti bolan bedenterbiýäni ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçdi.
7-nji aprelde — Bütindünýä saglyk gününde beden we ruhy taýdan kämillige tarap bolan ymtylyşyň döredijilikli güýji sagdyn durmuş ýörelgesini söýýänleriň köpsanlysyny tutuş Türkmenistan boýunça badalga nokadyna çykardy. Dünýäniň köp ýurtlarynda koronawirus bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň çylşyrymly bolmagynda galýan mahaly Türkmenistanda öz wagtynda görlen çäreleriň netijesinde ýiti ýokanç keseliň aralaşmagynyň öňüniň alynmagy üpjün edildi.
Bu ugurda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan öňdengörüjilikli syýasatyň, şol sanda saglyk ulgamyna degişli syýasatyň netijesinde, mähriban Diýarymyzda şonuň ýaly ýagdaýlaryň öňi alyndy we öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi dowam edýär. Hut şoňa görä-de, Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......