“Lester” “Barselonanyň” oýunçysy Koutinýony kärendesine almakçy bolýar

  • 07.04.2020 21:23
  • 3.9k+

“Lester” iňlis futbol kluby Ispaniýanyň “Barselonasynyň” oýunçysy Filippe Koutinýony kärendesine almakçy bolýar, bu barada Trend TACC-a salgylanmak bilen habar berýär.
2019-njy ýylyň awgustynda “Barselona” resmi saýtynda “Bawariýa” futbol kluby bilen 8,5 mln ýewro bir ýyl möhlet bilen kärende boýunça şertnamanyň çäklerinde Koutinýonyň Mýunhen toparynyň hataryna geçmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. Şondan bäri, 27 ýaşly Koutinýo nemesleriň “Bawariýasy” üçin çykyş edýär. Şeýle-de, braziliýaly oýunçy bilen “Mançester Ýunaýted” hem-de “Tottenhem” iňlis klublarynyň-da gyzyklanýandygy bellenilip geçilýär. 
Koutinýo Angliýanyň “Liwerpulyndan” “Barselona” 2018-nji ýylda ispan kluby üçin rekord baha, ýagny 145 mln ýewro geçýär. Geçen möwsümde futbolist ähli turnirlerde 54 oýna gatnaşdy, olarda 11 gezek gol geçirdi we bäş gezek netijeli geçirim etdi. Klub bilen bilelikde ýarym goragçy Ispaniýanyň iki gezek çempiony, Ispaniýanyň Kubogynyň we Super Kubogynyň eýesi boldy. Ol italýan “Interi”, Braziliýanyň “Wasko da Gama” topary we ispan “Espanýoly” üçin hem çykyş etdi.
Braziliýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde Koutinýo 55 duşuşyga gatnaşyp, 15 gezek gol saldy. 2019-njy ýylda ýarym goragçy milli topar bilen bilelikde Amerikanyň Kubogynyň eýesi boldy.

düýn 23:07
1.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
5k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......