Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar berýär

  • 07.04.2020 20:52
  • 18k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň habar berşi ýaly,  soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy.
Türkmen tarapy bu maglumatlaryň nädogrudygyny hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň özarabähbitlilik hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny tassyklaýar.
Şunlukda indikileri aýratyn bellemek zerurdyr, ýagny çärýek asyrdan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň döwlet edaralary we ykdysady birlikleri ABŞ-nyň kompaniýalary bilen bilelikde elektroenergetika, raýat awiasiýasy, howa-älem ulgamynda, oba hojalykda we strategiki taýdan ähmiýetli bolan beýleki ençeme ugurlarda umumy bahasy 3,5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan 167 sany taslamalary (şertnamalary) durmuşa geçirdiler. 
Türkmen tarapy elektroenergetiki desgalarynyň gurluşygynyň, awiasiýa, oba hojalyk, gurluşyk-ýol tehnikalarynyň getirilmeginiň, şeýle-de amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işleriň hem-de hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň buýrujysy bolmak bilen, ýokarda görkezilen taslamalaryň çäklerindäki degişli tölegleri özüniň hususy pul serişdeleriniň hasabyna amala aşyrandyr.

şu gün 07:44
388

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......

düýn 21:42
6.5k+

«Oňa çenli hem meşgullanmadym, mundan soň hem meşgullanmaryn»: Makron syýasatdan gidýändigi barada habar berdi

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2027-nji ýylda özüniň ikinji prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasaty dowam etdirmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Bu barada ol Nikosiýadaky fransuz-kipr......

düýn 16:06
1k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

23.04.2026 15:50
13k+

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny döwrebaplaşdyrmak boýunça açyk bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara açyk bäsleşik yglan etdi. Bu awtomobil ýolunyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň......